Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de Thales Alenia Space kompaniýasynyň wekilleri — eksport boýunça wise-prezidenti Erik Imbertiň hem-de Ýewraziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Kristof Lanowskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we dürli işewürlik teklipleri bilen çykyş etdiler diýlip, agentligiň metbugat gullugy tarapyndan Türkmenportala habar berildi.

Gepleşiklerde Türkmenistan bilen Thales Alenia Space kompaniýasynyň bilelikde ilkinji türkmen emeli hemrasy bolan Türkmen Älemiň döredilmeginde üstünlikli özara tejribe toplandygy nygtaldy. Duşuşykda möhüm ugurlaryň hatarynda Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda üstümizdäki ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek TürkmenTel-2023 halkara sergisine we ylmy maslahatyna Thales Alenia Space kompaniýasynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygy habar berildi.

Şeýle hem kompaniýanyň wekilleri ýurtda kosmos senagatynyň depginli ösmegi üçin Türkmenistanda inženerleriň we operatorlaryň okuw kurslaryny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi
“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar