SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşar’

SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşar’

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän SpaceX kompaniýasynyň wekiliýetiniň 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Kosmos gämileri, älem giňişligine iberýän raketalary we beýleki asman tilsimatlary bilen tanalýan SpaceX kompaniýasyna amerikaly milliarder Ilon Mask eýeçilik edýär.

Türkmen mediasyna görä, Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2023” atly foruma SpaceX bilen bir hatarda Airbus, Boing, Lufthansa, General Electric, Hyundai, Toyota we başga-da birnäçe dünýä belli kompaniýalar gatnaşýar.

Maslahata gatnaşýan beýleki transport kompaniýalaryndan tapawutlylykda SpaceX älem giňişliginiň transport mümkinçiliklerinden peýdalanmagy maksat edinýär, Mars planetasyna we Aýa adam gatnatmagy nazarlaýar.

SpaceX Aşgabatda geçiriljek halkara transport maslahatyna gatnaşyp gatnaşmajakdygy barada beýanat bermedi.

Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentliginiň beýanatyna görä, Aşgabat forumynda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag ulgamyndaky täze ýagdaýlara uýgunlaşmak hem-de beýleki käbir transport meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen hökümeti we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýapyk Türkmenistanda geçirilýän halkara çäreleri, hamala, ýurduň halkara abraýynyň ykrarnamasy hökmünde wagyz edýär.

SpaceX kompaniýasy, mundan ozal, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy tarapyndan öndürilen ilkinji “TürkmenÄlem” emeli hemrasyny orbita iberdi.

Şol bir wagtda, SpaceX özüniň Starlink ulgamlary arkaly dünýäniň çet künjeklerini ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Türkmenistan bütindünýä Internet toruny giňden petiklemekde tanalýar.

Türkmenistanyň hökümeti Internete bolan “ganym duşmançylygy” bilen tanalýar, ýöne SpaceX dünýäde ählumumy Internet elýeterliligini gazanmak ugrunda tagalla edýär. Häzirki wagtda dünýäniň 50-den gowrak ýurdy SpaceX kompaniýasynyň emeli hemra arkaly ýokary tizlikli Internet mümkinçiliklerinden peýdalanýar.

Ýatlasak, mundan ozal, 2022-nji ýylyň maýynda Starlink emeli hemra Internetiniň Türkmenistanda 2023-nji ýylyň dowamynda elýeterli ediljekdigi barada habarlar peýda boldy. Ýöne 2023-nji ýylyň fewralynda Starlink enjamlarynyň Türkmenistandaky we Özbegistandaky elýeterliliginiň näbelli möhlete çenli yza süýşürilendigi mälim boldy.

Üstesine, milliarder Maskyň eýeçiligindäki beýleki bir iri kompaniýa, Twitter sosial tory Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan petikli saklanýar.

Ilon Mask wagtal-wagtal dünýäniň dürli sebitlerinde geçirilýän we sanly tehnologiýalara bagyşlanýan halkara konferensiýalara wideo aragatnaşyk arkaly baglanyp, adamzat siwilizasiýasynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary we eýe bolan mümkinçilikleri barada söz sözleýär.

Ýaňy-ýakynda düýbi ABŞ-da ýerleşýän Çikago we Maryland uniwersitetleriniň informasiýa tehnologiýalary boýunça hünärmenler toparlary Türkmenistanda 122 müň töweregi Internet salgysynyň petikde saklanýandygyny anyklady.

Türkmen häkimiýetleri Ilon Maskyň Twitter tory bilen bir hatarda beýleki sosial saýtlary, şol sanda sanda Facebook, Instagram, YouTube ýaly ulgamlary, galyberse-de WhatsApp we Telegram ýaly messenjerleri petikde saklaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda Türkmenistanda ICQ messenjeriniň hem işlemeýändigini, petiklenendigini habar berdiler.

Ýapyk we halkara jemgyýetçiliginden üzňe Türkmenistanyň awtoritar hökümeti öz ilatynyň hereketini 'aňrybaş' çäklendirip, öz raýatlarynyň Internet ulgamyndaky maglumat elýeterliligini 'bogýar', muňa garamazdan, halkara komunikasiýalar we transport mümkinçiliklerine bagyşlanyp geçirilýän halkara forumlara beýemçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ilon Mask adam paýhasyndan ozdurjak superintellektiň dörejekdigini aýtdy
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Gazagystanyň obalaryna gönüden-göni kosmosdan internet birikdiriler
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary