Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany atly maslahat we sergi geçirildi.Maslahatda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramaçysy Ahmet Rejepow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmedali Orazaliew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birleşmesiniň Arkadag şäherini komitetiniň partiýa guramaçysy Bägül Kulamanowa çykyş etdiler.

Arkadag şäheri milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär.Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrarnama eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär.Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäheriniň ýerleşen ýeriniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, akylly şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly ýaşyl tehnologiýalar giňden ulanyldy.Raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary döredildi. Şäheriň belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň netijesidir.Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar.

Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Marvel kazyýetiň üsti bilen “Ar alyjylaryň” gahrymanlaryna hukuk almak isleýär
Boss witaminli içgisinden ýeňil awtoulag utan aýdymçy zenana mynasyp bolan baýragy gowşuryldy
“Ýeke özi öýde” komediýasynyň remeýkiniň ilkinji treýleri çykdy
“Tut” haryt nyşanly içgileriň täze görnüşleri öndürilýär
Reflýuks