“Ýeke özi öýde” komediýasynyň remeýkiniň ilkinji treýleri çykdy

“Ýeke özi öýde” komediýasynyň remeýkiniň ilkinji treýleri çykdy

Disney+ striming hyzmaty “Ýeke özi öýde” filminiň baş keşbi Makoleý Kalkiniň ýerine ýetirmeginde adybir maşgala komediýasynyň remeýkiniň treýlerini çykardy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär.

Bir ýarym minutlyk wideodan görnüşi ýaly, hödürlenjek remeýkiň sýužeti doly derejede diýen ýaly asyl nusgadaky filmiň wakasyny gaýtalaýar. 10 ýaşly Maksyň maşgalasy ony öýde ýatdan çykaryp, dynç almaga (ýöne Fransiýa däl-de, Ýaponiýa) gidýär. Ol ýekelikde ene-atasynyň yzyna dolanmaga synanyşýan wagtynda öýi gaban iki talaňça garşy durmaly bolýar. Ýeri gelende bellesek, indi ogrularyň biri zenandyr.

Filmiň režissýory “Oskar” baýragyna iki gezek nominant bolan Den Mazer (“Borat”, “Borat 2”) boldy. Baş keşpleri Arçi Ýeýts, Elli Kemper, Rob Delani we Timoti S.Saýmons ýerine ýetirdi.

Filmiň sanly premýerasy 12-nji noýabrda Disney+ hyzmatynda bolar.

“Ýeke özi öýde” Kris Kolambus (“Garri Potter we jadygöýüň daşy”, “Hyzmatkär”) tarapyndan surata düşürilen we 1990-njy ýylda çykan kartina.Roždestwo güni ýatdan çykarylan oglanjyk baradaky bu film 18 mln dollar býujet bilen tas 480 mln dollar gazanyp, kino taryhynda iň üstünlikli komediýalaryň birine öwrüldi. 1992-nji ýylda filmiň ikinji bölümi çykdy, ol 20 mln dollar çykdajy bilen prokatda 359 mln dollar gazandy.

Soňra franşizanyň “Ýeke özi öýde 3”, “Ýeke özi öýde 4” we “Ýeke özi öýde 5: Baýramçylyk talaňçylygy” atlary bilen ilkinji iki bölüm bilen baglanyşykly bolmadyk ýene üç bölümi çykdy. “Ýeke özi öýde” “Iň gowy film” we “Iň gowy erkek keşbi” nominasiýalarynda “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi, Aşgabatda Rus diliniň güni we Puşkiniň doglan güni belleniler, Awazada Gün elektrik stansiýasy ulanmaga berildi we beýleki habarlar
Kysmatyň oýny iň gowy daşary ýurt Roždestwo filmleriniň sanawyna girdi
Tramp Ýeke özi öýde - 2 filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady
Panama kanal demir ýolunyň açylmagy
Milli çempionatda yzda, Çempionlar Ligasynda öňde barýar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar