Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty, halkara abraýy günsaýyn artýar.Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary ýakyndan tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen gyzykly gezelençler gurnalýar.

Ynha, bu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary muzeýe gezelenç etdiler we muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda teleýazgyda çykyş etdiler.

Olar muzeýiň ekspozisiýa bölümlerine uly gyzyklanma bilen aýlandylar.Muzeýiň Garaşsyzlyk, Etnografiýa, Taryh we arheologiýa, Sungat we Tebigat bölümleri syýahata gelen ildeşlerimizde uly täsirler galdyrdy.Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligini ýaş nesilleriň arasynda ýaýmakda, milli gymmatlyklarymyza uly buýsanç döretmekde bu gezelenç öz gymmatly täsirini ýetirer diýip tama edýäris.

Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Zenan mährinden dörän nepislikler
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-terbiýe mekdebi
Taryha baý Watanym
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz