Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň keşbi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň keşbi ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde Arkadag şäheri häzirki zaman binagärligiň, milli däp-dessurlaryň we medeni gymmatlyklaryň sazlaşykly utgaşýan ajaýyp merkezi bolup, bu şäherde türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedewlere aýratyn hormat goýulýandygy, bedewler türkmeniň taryhy, medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen berk bagly bolup durýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri dünýäde özleriniň owadanlygy we çydamlylygy bilen giňden tanalýandygy, Arkadag şäherinde bedewleriň keşbine uly orun berilmegi, milli mirasa goýulýan hormaty görkezýändigini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

AHALTEKE BEDEWI TÜRKMENIŇ BUÝSANJY HEM ŞÖHRATY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN KABUL EDILEN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLY, 2028-NJI ÝYL ATLY KARARNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLUNDA
TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda
Şöhratly geçmişe syýahat