Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

Şu gün Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyşy we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halkara olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, halkara guramalaryň ýurtda hereket edýän düzümleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar, bilim ulgamynyň, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

26-njy martda öz işine başlan halkara matematika olimpiadasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde geçirildi.

Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň jemleri şahsy we toparlaýyn görnüşinde jemlendi.

Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň topary 1-nji orna, Türkmenistanyň topary 2-nji orna mynasyp boldy.

Olimpiadada 3-nji orny Hytaý Halk Respublikasynyň topary eýeledi.

Ýeňiji bolan mekdep okuwçylary degişli medallar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Toparlaýyn görnüşde 1-nji orny eýelän Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylaryna Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç almaga mümkinçilik döredýän ýollanma hem gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýokary okuw mekdebi rus dili boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mekdep okuwçylarynyň arasynda nemes dili dersi boýunça olimpiada geçirildi
Ýeňijileri gutlamak dabarasy geçirildi
Fransiýa 2024-nji ýylda iň meşhur jahankeşdelik ugry bolar