Arkadag şäherinde şygryýet agşamy geçirildi

Arkadag şäherinde şygryýet agşamy geçirildi

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň öňündäki meýdançada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly eseri mynasybetli şygryýet agşamy geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şygryýet agşamy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şygyr döredýän, pähim-parasatly kitaplaryny ýazýan pursatlarynyň türkmen milli sazlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy bilen taýýarlanylan wideoşekilleriniň görkezilmegi bilen başlandy. Munuň özi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Talyplaryň aýtmagynda Gahryman Arkadaga, Arkadagly Serdara şöhrat!atly aýdymyň belent owazy alyslara ýaň salyp, tomaşaçylar bu aýdymy ör turup garşyladylar.Bu ýerde talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly edebi-sazly kompozisiýa hem görkezildi. Şeýle-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Arkadag şäheri — bagtyň şäheri atly hor aýdymy, Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,//Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne atly edebi-sazly kompozisiýa, daşary ýurt dillerinde Türkmeniň atly edebi-sazly kompozisiýa, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly aýdym we Gözel sen atly halk aýdymy çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaraly çäräniň barşynda dünýäniň meşhur alymlarynyň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň türkmeniň beýik danasy Magtymguly Pyragy barada aýdan dürdäne sözleri, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan akyl dürdänelerinden parçalar çeper beýan edildi.

Şygryýet agşamynda oňa hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşan halypa-ýazyjy şahyrlara söz berildi. Olar gutlag sözlerini hem-de ýaş şägirtlerine nesihatlaryny aýtdylar. Şunda döwür, döredijilik, ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, halypa-şägirtlik ýoly barada giňişleýin söhbet edildi.

Şygryýet agşamynda Arkadag şäheriniň ajaýyplygyna we aýratynlyklaryna hem üns çekildi. Çäräniň barşynda ýaş talyp şahyrlar öz döreden goşgularyny okap berdiler.

Şygryýet agşamynyň ahyrynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Türkmenistan atly hor aýdymy ýaňlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar