Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b

Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b

Türkmenistanda

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýolbaşçysy döwlet ähmiýetli şäherde hereket edýän söwda toplumlarynyň, aýratyn-da, Gökdere söwda merkeziniň işi bilen tanyşdy.

Bu ýerde halkymyň ösen islegine doly laýyk gelýän harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.Bellenilişi ýaly, täze merkezde elektron söwda we harytlary öýe eltip bermek hyzmaty ýola goýuldy.Halk Maslahatynyň Başlygy durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň we ilatyň degişli başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň möhümdigine nygtady.

2. 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler, onda türkmen ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny resmi taýdan gowşurmak dabarasy bolar.

3 Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklyk üçin dalaşgärleriň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.Ministrligiň habaryna görä, seçip almak işleri umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary bilimi bolan ýurduň raýatlarynyň arasynda geçirilýär. Ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 3 10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde resminamalary kabul etmek boýunça topar tarapyndan kabul edilýär.

Bu ýerde hünär ugurlarynyň sanawy, tölegli orunlaryň sany, Hytaýdaky okuw we ýaşaýyş şertleri barada anyk maglumatlary alyp bilersiňiz.

4. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Aýaz Babanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda Altyn balyk atly Täze ýyl çykyşlary görkezildi. Ahalteke atlary, baş öwredilen kepderiler, türkmen alabaýlary we maýmynlar bilen sahnada gyzykly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, ertekilerdäki ýaly gurşaw döredildi. Sahnada sirk tilsimlerinden başga-da, tanslar we aýdym-saz çykyşlary ýerine ýetirildi.

5. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki bilen duşuşyk geçirildi. Hususan-da, taraplar TOPH gaz geçirijisiniň, TOP ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demirýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6. Beýik Britaniýada dünýädäki ilkinji köpçülikleýin öndürilen emeli arçalaryň biri satuwa çykaryldy. Bu agaç 1920-nji ýylda alty pens bahadan satyn alnypdyr, auksionda bolsa 3400 funt sterlinge satyldy. Boýy 79 santimetr bolan bu agajyň 25 şahasy, 12 miwesi we alty sany kiçi şemdany bar. Ol bezeg nyşany bilen bezelen gyzyl agaç diregiň üstünde oturdylandyr.

7. Turkish Airlines awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň martynda Awstraliýa uçuşlary amala aşyryp başlamagy meýilleşdirýär. Täze ugry ýola goýmak üçin marketing çäresiniň çäklerinde awiakompaniýa awstraliýaly kino ýyldyzy Margo Robbi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gepleşikleri geçirýär. Aktrisa ilkinji uçuşdan bir hepde öň ýurduň medeniýeti we gözel künjekleri bilen tanyşmak üçin Türkiýä barar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ilkinji finalçysy kesgitlendi. Ol ýarym finalyň jogap duşuşygynda Aşgabadyň Altyn asyr toparyny 4:0 hasabynda ýeňen Arkadag topary boldy. Duşuşyk paýtagtyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Sport toplumy stadionynda geçirildi. Ikinji finalçy 21-nji dekabrda Ahal Merw duşuşygynda belli bolar.

9. 20 25-nji dekabr aralygynda Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň kubogy geçiriler. Duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçiriler. Ýaryşa 7 sany erkekler we 7 sany zenanlar toparlary gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen ilçisi Owganystanyň daşary işler ministrine Konsullyk patentini gowşurdy
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi