Türkmen ilçisi Owganystanyň daşary işler ministrine Konsullyk patentini gowşurdy

Türkmen ilçisi Owganystanyň daşary işler ministrine Konsullyk patentini gowşurdy

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly Batyr Ýolow Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaka Konsullyk patentini gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle-de, diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi