Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, V Wena balyna we Galkynyş simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Agşam Arkadag Binasynyň öňündäki meýdançada V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Bu özboluşly döredijilik çäresi Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirildi. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy.

Aýdym-saz agşamy Türkmenistanyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” atly aýdym bilen açyldy.

Soňra awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň “Polonez” sazy ýaňlandy.Ony Galkynyş simfoniki orkestri we birleşen tans toparlary ýerine ýetirdiler.Berk berjaý edilýän düzgüne laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyndan başlanýar.

Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaraly ýagdaýy alamatlandyrýar.Gülleriň ajaýyp çemeni onuň hökmany bölegi bolup durýar.

Agşamyň dowamynda Arkadag Binasynyň öňündäki meýdança ýygnanan tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Lýudwig Minkusyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, görnükli türkmen we awstriýaly aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet aldylar.

Zehinli aýdymçylar Regine Hangler we Lewent Gündüz aýdym-saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin geldiler. Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Awstriýa Respublikasyndan tansçylar Dimitar Stefanin we Irina Grasser hem bar. Olaryň görkezen çykyşlary-da şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Aýdym-saz agşamyna gatnaşyjylaryň arasynda Döwlet tans topary, “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Näzli”, Aşgabat döredijilik toparlary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Miras folklor topary, Birleşen çagalar hory, “Mukam” ýaş skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, Şowhun, Şatlyk, Meňli, Aýjan, Gyzyl güljagaz çagalar tans toparlary we beýlekiler bar.

Dostlugyň we döredijiligiň baýramy artistleriň hemmesiniň bilelikde joşgunly ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Gahryman Serdarly Watan” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.

Belläp geçsek, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň döredilmegi Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine giren meşhur halk we estrada aýdymçylary, sazandalardyr tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, ykrar edilen umumy Ýewropa saz paýtagtynda türkmen milli medeniýetini görkezdiler.

Geçen 15 ýylda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestri hem döredildi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Wena balyna gutlag
Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi