Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi

Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi

Şu gün Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, ýurtlaryň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.

Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasynyň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllaryň, ýagny 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik hyzmatdaşlygynyň başyny başlandygyny ýatlamalydyrys.

Soňra wekiliýetimiziň düzümine giren meşhur halk we estrada aýdymçylary, sazandalar hem-de tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, tutuş Ýewropada ykrar edilen saz paýtagtynda milli aýdym-saz medeniýetini görkezdiler.

Iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülen Awstriýa-türkmen jemgyýeti Günbatar Ýewropany häzirki Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we özboluşly däpleri bilen tanyşdyrýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda bu jemgyýetiň gatnaşmagynda medeniýet ulgamynda, maglumat alyşmak babatda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Galkynyş simfoniki orkestri döredildi. Şu ýyl onuň döredilenine 14 ýyl doldy.

Iki halkyň medeniýetlerini we dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň giň gerimli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm wakalaryň hatarynda Wena baly hem bar. Bu çäre indi Türkmenistanda bäşinji gezek, sebitdäki ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäherinde bolsa ilkinji gezek geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Şol ýerde her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär. Özüniň 200 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu saz we wals baýramçylygy meşhurlygyny saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, iň wajyp hem-de ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Şondan görelde alnyp, dünýäniň köp şäherlerinde şeýle çäreler geçirilýär. 2011-nji ýylda şol şäherleriň arasynda Aşgabat giren bolsa, 2023-nji ýylda bolsa Arkadag şäheri hem girdi.

Şu günki çykyşlaryň başynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň, şeýle-de aýdymçy Aýna Seýitgulyýewa bilelikde şahyr Akmyrat Rejepowyň sözlerine, Alişer Bazarowyň sazyna döredilen Arkadag şäheri — bagtyň şäheri atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

Soňra tomaşaçylar Türkmen-Awstriýa bilelikdäki Galkynyş orkestri hem-de Birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy.Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Annadurdyýewanyň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet hory we Döwlet tans topary hem-de Serpaý, Laçyn tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Bergaryň sözlerine, Rejep Rejepowyň sazyna döredlen WENA AŞGABAT aýdym hem-de beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, şeýle hem iň gowy türkmen aýdymçylarynyň we awstriýaly opera aýdymçylarynyň seslerinden lezzet aldylar.

Awstriýa Respublikasyndan Lewent Gündüziň, Regine Hangleriň, türkmenistanly sungat ussatlary Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň, Selbinyýaz Annadurdyýewanyň, Leýli Ökdirowanyň, Aýna Seýitgulyýewanyň, Gözel Annahanowanyň, Heretguly Guldurdyýewiň, Maýa Orazberdiýewanyň, Begdurdy Çerkezowyň, Dünýägözel Begaliýewanyň, Begenç Moşşyýewiň, Mansur Şaripowyň, şeýle-de çagalar Jennet Işangulyýewanyň, Anna Weliahmedowanyň, Jennet Pirgulyýewanyň, Süleýman Öwezowyň, Isgender Rejepowyň we beýleki aýdymçylary ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

V Wena balyna Döwlet tans topary hem-de Serpaý, Laçyn, Näzli, Galkynyş Aşgabat meşhur toparlary, Şatlyk, Şowhun, Galkynyş, Ruhubelent çagalar, Meňli, Aýjan, Gyzyl güljagaz çagalar tans toparlary, Mukam ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar.

Awstriýa Respublikasyndan gelen tansçylar Dimitar Stefaniniň Grasser Irine bilen bileikde ýerine ýetiren tansly çykyşlary hem täsirli pursatlara baý boldy.

Wena balyna gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaralyk ýagdaýyny aňladýar, gülleriň ajaýyp çemeni bolsa olaryň olaryň hökmany bölegi bolup durýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, V Wena balynyň dowamynda Repej Rejepow, Daňatar Öwezow, Şamämmet Bäşimowyň, Hydyr Allanurow, Mihael Tsirer, Frans Legar, Lýudwig Minkus, Federiko Romero Saraçaga, Ýewgeniý Doga, Iogan Ştraus, Jakomo Puççini, Rendi Edelman, Ýakob Gade ýaly türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlaryna ajaýyp aýdymlar, şirin owazlar ýerine ýetirildi.

Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň we sungatyň çäkleri we aralyklary geçmäge kömek edip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, sazlaşyga we gözellige, ýagşylyga we rowaçlyga tarap ymtylmagynda olary birleşdirýändigi baradaky hakykaty iňkär edip bolmaýandygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
TÝL ― 2021: şu gün 5-nji tapgyryň çägindäki Köpetdag ― Ahal duşuşygy geçiriler
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi