“Şagadam” bürünç medala mynasyp boldy

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň merkezi oýnunda üçünji orun ugrunda göreş alyp barýan “Köpetdag” bilen “Şagadam” toparlary duşuşdylar.

“Köpetdag” stadionynda geçen duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şeýlelikde, gazanan bir utugy 44 utuk toplan Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyna” çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda bassyr ikinji ýyl bürünç medaly gazanmagyna ýeterlik boldy. 41 utuk toplan “Köpetdag” dördünji orunda galdy.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” myhmançylykda “Aşgabady” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşykdaky ýeke-täk topy Mihail Titow geçirmegi başardy. Bu ýeňşinden soň wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazanan “Altyn Asyryň” utugyny 70-e ýetirendigini bellemek gerek.

Futbol çempionatymyzyň kümüş medalynyň eýesi “Ahal” topary myhmançylykda “Energetikden” 7:2 hasabynda üstün çykdy. Maryda geçirilen duşuşykda ýerli “Merw” “Nebitçi” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji, 28-nji tapgyry 28-nji noýabrda geçirilip, onda “Altyn Asyr” “Nebitçi”, “Merw” “Köpetdag”, “Ahal” “Aşgabat” hem-de “Şagadam” “Energetik” toparlary duşuşarlar.

27-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Köpetdag” “Şagadam” 1:1

Gollar: 29 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”) 40 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 52 Serdarmyrat Baýramow, 54 Yhlas Saparmämmedow, 58 Şazada Bäşimow (“Köpetdag”) 12 Döwletgeldi Mirsultanow, 20 Ýunus Orazmämmedow, 86 Merdan Gurbanow, 86 Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

“Merw” “Nebitçi” 1:1

Gollar: 84 Şaweli Seýitgulyýew (“Merw’) 37 Kerim Hojaberdiýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 29 Wekil Kadyrow, 48 Serdar Tukiýew, 56 Kerim Hojaberdiýew, 76 Sapa Orazgylyjow, 80 Seýitmämmet Hojamämmedow, Umytjan Astanow, oýundan soň (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

“Aşgabat” “Altyn Asyr” 0:1

Gol: 19 Mihail Titow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 48 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”) 12 Ahmet Ataýew, 13 Resul Hojaýew, 18 Begenç Akmämmedow, 88 Mämmet Orazmämmedow (“Altyn Asyr”)

Meýdandan çykarylan: 72 Resul Hojaýew, ikinji duýduryş (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

“Energetik” “Ahal” 2:7

Gollar: 5 Parahat Jumanazarow, 31 Rahmet Şermetow (“Energetik”) 3, 11 Elman Tagaýew, 19, 42, 60, 61 Murat Ýakşiýew, 48 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy XXVII tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

27

22

4

1

77-17

70

2.

“AHAL” FK

27

17

4

6

53-27

55

3.

“ŞAGADAM” FK

27

12

8

7

43-27

44

4.

“KÖPETDAG” FK

27

11

8

8

32-25

41

5.

“AŞGABAT” FK

27

9

6

12

33-44

33

6.

“MERW” FK

27

7

4

16

27-44

25

7.

“NEBITÇI” FK

27

7

3

17

30-58

24

8.

“ENERGETIK” FK

27

3

3

21

23-76

12

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: şu gün çärýek final duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler