TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy

TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy

18-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Merw” topary “Ahaly” kabul etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Mary şäherindäki “Sport toplumy” stadionynda geçirilen bu duşuşyk 1:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 35 utuk toplan “Ahal” topary ýaryş tertibinde dördünji orny eýelemegini dowam edýär. 13 utugy bolan “Merw” topary ýaryş tertibinde soňky orunda ornaşdy.

21-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

“Merw” “Ahal” 0:1

Gol: 37 (11 m.j.u.) Şöhrat Söýünow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 29 Mekan Nazzyýew, 36 Toýly Goçnazarow, 68 Merdan Durdymuhammedow (“Merw”) 52 Döwran Hojamämmedow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň eminleri belli boldy
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL - 2023: "Köpetdag" "Nebitçiden" üstün çykdy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrda ähli duşuşyklar geçiriler