TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynda 24-nji we 27-nji tapgyrlaryň çägindäki üç duşuşyk geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

Has takygy, şu gün 24-nji tapgyryň çäginde Energetik ― Şagadam we Altyn asyr ― Nebitçi, 27-nji tapgyryň çäginde bolsa Aşgabat ― Arkadag duşuşyklary geçiriler.

TFF geçiriljek duşuşyklar, olaryň başlanjak wagty we ýeri hem-de eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:

24-nji tapgyryň duşuşyklary:

07.12.2023 ý. (penşenbe)

“Energetik” “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: Energetik stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Altyn Asyr” “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 14:00

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

“Aşgabat” “Arkadag”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň eminleri belli boldy
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar