Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk syýasaty halkara howpsuzlygyň we ösüşiň binýady atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Melike Sähetgulyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Goçmyrat Ataýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Aýnabat Amanmuradowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hukuk gözegçisi Serdar Berenow, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şöhrat Ataýew dagy çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary hem sergilendi. Türkmen halkynyň buýsançly geçmiş taryhyndan göz açýan muzeý gymmatlyklary dabaraly maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaraly maslahatda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň bagşylar topary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýet boýunça internet bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanly mekdep okuwçylar 2023 First Global Challenge robototehnika taslamalarynyň halkara bäsleşigine gatnaşar
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow 2018-nji ýylda käbir etrap ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýdyp, kadr çalşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi
21.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi