Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan edebi-sazly duşuşyk geçirildi.

Dabara Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guraldy.

Duşuşykda Sahy Jepbarow adyndaky mekdebiň muzeý işgärleri, mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler. Çykyş edenler beýik şahyryň Gündogaryň nusgawy edebiýatyndaky wajyp ornuny dogrusynda belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy we şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri
Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilýär