Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny

Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahatyny geçirdi.Maslahata Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspirantlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dalaşgärleri, aspirantlary, doktorantlary, saz-etnografiýa bölüminiň ylmy işgärleri, mugallymlar, ýaş öwreniji mugallymlar şeýle-de talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlaryň mowzuklary dürli-dürli boldy.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldýewiň giriş sözlerinden soň, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Annanepesowa Görogly eposyndaky sazşynazlyga degişli sözleriň many aýratynlyklaryna bagyşlanan gyzykly çykyşy diňleýjileriň ünsüni çekdi.

Türkmen halk aýdym-sazyny hemmetaraplaýyn, toplumlaýyn, çuňňur öwrenmek meselesini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z.Jumagulyýewa doly açyp görkezdi.

XX asyryň görnükli türkmen bagşylarynyň Gurt Ýakubowyň (G.Saryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy) we Sahy Jepbarowyň (A.Mämmetgulyýewiň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz-etnografiýa bölüminiň uly ylmy işgäri) döredijiligi barada maglumat berýän habarlar, şeýle hem konserwatoriýanyň aspiranty L.Hudaýberdiýewanyň Mukamçy kompozitorlaryň eserleriniň gurluş aýratynlyklary atly çykyşy gyzyklanma döretdi.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň aspirantlarynyň ýaş filologlar A.Nepesowa we L.Seýtkuliýewanyň lingwistika we edebi tankyt meselelerine bagyşlanan hasabatlary uly üns bilen diňlenildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň alymlary bilen bilelikde geçirilen dürli mowzuklar boýunça konferensiýalar eýýäm adata öwrüldi. Her ýyl gatnaşyjylaryň sany barha artýar. Şeýle duşuşyklar dürli hünärleriň alymlarynyň gözleri bilen käbir ylmy meselelere seretmäge, ylym wekilleriniň gyzyklanmasyny döreden islendik hadysalara köptaraplaýyn deňeşdirme we tipologiki baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi