Ýaş zehin bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýaş zehin bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýaş zehinleri goldamak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň sazçylyk mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän Ýaş zehin bäsleşigi guraldy.Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 140-a golaý ýaş sazanda gatnaşyp, olar fortepiano, kirişli, kakylyp çalynýan we üflenip çalynýan saz gurallary, şeýle hem milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty, wokal we horeografiýa ýaly ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezdiler.

Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan gelen sazandalar çykyş edip, sahnada özüňi alyp barmagyň hem-de saz gurallaryny ussatlyk bilen çalmagyň nusgasyny görkezdiler.Uzakdaky sebitleriň sazandalary bolsa öz çykyşlarynyň wideoýazgylaryny eminler toparyna hödürlediler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ussatlygyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we TMK-nyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary baha berdiler.Bäsleşik halk, milli, kakylyp çalynýan saz gurallary we horeografiýa ugurlary boýunça täze zehinleri ýüze çykardy.

Baýraklaryň agramly bölegine Aşgabat şäherindäki 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň şu ýylky uçurymlary mynasyp boldular.Olaryň arasynda wokal boýunça baýrakly orny eýelän Şirin Jumaýewa, pianinoçy Tylla Şirowa we skripkaçy Aida Mämmedowa bar.

Medeni çäre bäsleşigiň ýeňijileriniň gatnaşmagyndaky konsert bilen tamamlandy.Eminler toparynyň belleýşi ýaly, bäsleşik ýaş ýerine ýetiriji sazandalaryň ýokary ukyplaryny görkezdi.Gatnaşyjylaryň her biri üçin bu bäsleşik hünär taýdan kämilleşmekde möhüm tapgyr boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Nusgawy sazlaryň kamera konserti boldy
Kompozitor Aýna Şirowanyň ilkinji awtorlyk konserti
Aşgabatda täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konsertlerde daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary çykyş eder
Aýdymçy Durdy Durdyýew Ýylyň parlak ýyldyzy-2024 bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler