ARKADAG ŞÄHERINIŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝINDE BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGISI AÇYLDY

ARKADAG ŞÄHERINIŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝINDE BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGISI AÇYLDY

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramyny giň gerim bilen bellenip geçilýär. Ynha, bu gün hem Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Taryhdan taryply türkmen bedewi atly sergi gurnaldy.

Türkmen bedewleri gadymy döwürlerden bäri toýlarymyzyň bezegi, halkyň genji-hazynasy, ynsan gymmatlygy bolup, nesilden-nesle geçip şu günlerimize gelip ýetipdir.Gyzdan gylykly, çapanda ýerläp uçup bilýän, halkyň köňül ganatyna öwrülen bedewlerimiziň dabarasy belentden tutulýar.

Merdana pederlerimizden miras galan behişdi bedewlerimizi başynyň täjine deňän halkymyz gamyşgulak bedewiniň dabarasyny ýurduň çar künjeginde ýaýbaňlandyrýar.Syn-syýakly, näzik owadanlygy, ýyndamlygy, edermenligi bilen dünýä ýaýran bedewleri bu gün çäksiz hormata mynasypdyr.

Sergide muzeý gaznasyndan gurnalan milliligimiziň nusgasy bolan, at esbaplary we şaý-sepleri, eýer, eýerlik, at keçe, at ýapynça, serkeç, atyň naly, türkmen halylary gadymy küýzeler we nakgaş eserleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Sergide milli gymmatlyklar bolan orta asyrlara degişli keramika böleklerde atyň şekili, şeýle-de bürünçden ýasalan aty hem-de antik döwrüne degişli atyň we esgeriň şekili çekilen daş tapyndylar has-da täsirligi bilen tapawutlanýar.

At torbalar, at ýapynjalar, nagyşlanan nallaryň görnüşleri, serkejiň käsesi bilen sergilenmegi gyzykly maglumatlardan söz açýar.Mundan başgada täze şäheriň iň gözel ýerleriniň biri bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň, Halkara atçylyk toplumynda gyzykly at çapyşygynyň janly pursady görkezilen fotosuratlar, atçylyk obasynyň suraty bir-biri bilen sepleşip gidýän suratlar täsir galdyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşlere, milli sungatymyza giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER, ARKALAŞYK WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
MOSKWA DÖWLET HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA, MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL WE SERGI GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
Ahalteke atym uçar ganatym
Sungatda dostlukly gatnaşyklar berkeýär