Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Ha¬syl to¬ýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda geçiriljek söhbetdeşlik we aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa we ýaş mugallymlary, talyplary ýur¬du¬my¬zyň eder¬men oba zäh¬met¬keş¬le¬ri ga¬za¬nan üstünlikleri dogrusynda çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aýdym-saz topary çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda üstünlikler gazanylýar, ýerden bol hasyl alynýar.Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär.

Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň fonunda körek ogrularyny’ yzlaýar
Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Türkmenistanda Hasyl baýramy bellenilýär
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady