Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: beýik geljege tarap ynamly ädimler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: beýik geljege tarap ynamly ädimler

Düýn 21-nji noýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň uly mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaşlar, şol sanda talyplardyr mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 14-nji noýabrda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri bilen tanşyp, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sagdyn ösüp ulalmaklary, döwrebap bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, öz döredijilik zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada aýdanlaryny, bu babatdaky gymmatly maslahatlaryny, wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.

Mundan başga-da, maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda, 16 — 18-nji noýabrda Mary welaýatynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumynyň taryhy ähmiýeti barada durlup geçildi.

Turuwbaşdan işjeň häsiýete, ruhubelentlige beslenen maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Çykyşlarda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, tebigy zehinini doly ýüze çykarmak, döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek babatda ýurdumyzda ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Neşe serişdelerini hem-de temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Gyrgyzstan, ABŞ-nyň Içerki Işlerine Goşulmazlygyny Isledi
Ýeňijileri gutlamak dabarasy geçirildi
Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Prezident Erdogan BMG-nyň baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy