11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde işgärleri wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda çözgütler kabul edildi, birnäçe resminamalara gol çekildi we 2023-nji ýylda alnyp barlan daşary syýasat işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Afrika, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Işgärleri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak boýunça çözgütler

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, ýurduň Şweýsariýadaky ilçisi hem-de BMG-niňŽenewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerine bellenildi.

Berdinyýaz Mätiýewi başga işe geçmegi sebäpli,Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi we ýurduň Eýrandaky ilçisi hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

Atageldi Haljanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi, BMG-niňŽenewadaky we Naýrobidäki edaralarynyň, şeýle hem UNEP we UN-HABITAT maksatnamalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararlary:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda. Karara laýyklykda, DIM-niň merkezi edarasynyň täze gurluşy tassyklandy;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik protokol atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak bellenildi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda;

Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda.

Jemgyýet

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. Degişli çözgüt giň möçberli baýramçylyk Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşyndaky esasy bellenenler

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary berkitmäge, Hazarýaka döwletleri bilen gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynyň çäklerindäki taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa laýyklykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr.

Aşgabat Ýakyn Gündogar, Afrika we Amerika döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.

Ýewropa döwletleri bilen energetika, ulag, tehnologiýalar we beýleki birnäçeugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek zerurdyr.

Täze Merkezi Aziýa — aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşiniň çäklerinde-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaly.

Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn üns bermek zerurdyr.

Türkmenistan BMG-niň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Dialog — parahatçylygyň kepili atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli.

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy we metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellenildi
Resmi habar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi
Aşgabatda türkmen-alžir gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy