Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Göni wideoaragatnaşyga ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy, ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginini saklamak, şeýle hem ykdysady-maliýe ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk işler barada habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýew ilatymyz, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin maliýe hyzmatlarynyň derejesini kämilleşdirmek, Diýarymyzyň halk hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynda ykdysady taýdan bähbitli taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat bedi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginini saklamak ugrunda zerur çäreleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudaklaryň köpugurly esasda ösüşiniň, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň sanawynyň we onuň daşary ýurt bazarlaryna ugradylýan möçberiniň artdyrylmagyny höweslendirýän guralyň yzygiderli kämilleşdirilmegi wajypdyr.

Şu maksat bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny, olaryň milli ykdysadyýetimize edýän täsirini içgin öwrenmek we milli maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň durnuklylygyny pugtalandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli seljerme hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň guramaçylyk işlerine ünsi güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, pul dolanyşygyny kämilleşdirmegiň, döwrebap tehnologiýalara, şol sanda töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usulyny giňden ornaşdyrmagyň häzirki döwrüň geljegi uly ugurlarynyň biridigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwrebap usullary ulanmak arkaly alnyp barylýan maliýe işleriniň kadalaşdyrylmagyna jogapkärli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu barada wise-premýere hem-de Merkeziň bankyň başlygyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak konsepsiýasynda we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu ugurda nebite, tebigy gaza hem-de gaz kondensatyna baý bolan ýataklary ýüze çykarmak, ulanylýan ýataklarda uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmengaz döwlet konserni tarapyndan halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça Döwletabat gaz käninde gaz guýularynyň birnäçesiniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi. Bäsleşigiň jemlerini hasaba alyp, degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, senagat düzümlerini hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçysyna gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de tejribe alyşmak, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak boýunça çäreleri geçirmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat bermek bilen, şu günler tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekişiniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýtdy.

Bu möhüm oba hojalyk çäresini agrotehniki möhlete doly laýyklykda geçirmek maksady bilen, daýhan birleşiklerinde we etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi, ekerançylaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şol bir wagtda galla oragy möwsümine işjeň taýýarlyk utgaşykly alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, azyk bolçulygyny döretmek, ilaty miwe we gök önümler, hususan-da, ýeralma bilen üpjün etmek, şunda bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän mukdaryny azaltmak boýunça ähli zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýeralma, sogan we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda ekinlere göwnejaý ideg edilýär, bellenilen tertibe laýyklykda beýleki agrotehniki işler geçirilýär.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasynda Araly halas etmek boýunça şu gün geçiriljek wideokonferensiýa barada giňişleýin hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, onlaýn — ara alyp maslahatlaşylmagynyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we ony dolandyrmak, daşky gurşawy goramak we beýleki meseleler boýunça uzakmöhletleýin strategiýany işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşmegiň hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hususan-da, gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak, galla oragyna göwnejaý taýýarlyk görmek, ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamak babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berildi. Degişli ähli düzümleriň we peýdalanylýan oba hojalyk tehnikasynyň tehniki taýdan abatlygyny üpjün etmek boýunça işleri utgaşykly guramak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Aral deňziniň meseleleri bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipeleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp düzmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu maksatlar üçin suw diplomatiýasynyň ähli gurallarynyň hem-de usullarynyň doly herekete getirilmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýollary gurmak, içerki we daşarky inženerçilik ulgamlaryny gurmak baradaky ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gurluşyk we binagärlik ministrligi agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suwy geçirijileriň, sil suwlaryny sowujy akabanyň hem-de içerki we daşarky ýollaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak üçin potratçylary seçip almak boýunça tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirdi, şonuň jemleri boýunça has amatly teklipleri hödürlän tejribeli ýerli kärhanalar saýlanyp alyndy we degişli teklipler taýýarlanyldy.

Hödürlenilen ähli taslamalar Türkmenistanda gurulýan hem-de durky täzelenilýän möhüm we aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahasyny kesgitlemek boýunça pudagara topary tarapyndan seljerildi, netijenamalar taýýarlanyldy. Gurluşyk işlerine şu aýda girişmek hem-de onuň birinji tapgyryny geljek ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda desgalary ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow pudagyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek, işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýetini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwrüň özboluşly nyşany, halkymyzyň ägirt uly üstünlikleriniň hem-de ýeten sepgitleriniň alamaty bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzümleri ösdürmek we kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmagyň, inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň hem-de olaryň gurluşygyny dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, möhüm gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine girişilende olary amala aşyrmagyň, taýýarlyk işlerinden başlap, doly ýerine ýetirilýän döwrüne çenli ähli tapgyrlaryň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, desgalary degişli ýagdaýda enjamlaşdyrmak we bellenilen möhletde ulanmaga bermek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşykda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar häzirki zaman meýilleri we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenawtoulaglary agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şu maksat bilen, Türkmenawtoulaglary agentligi tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurdumyza gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadyny döretmek, olara GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek, şeýle hem bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Birinji tapgyrda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.

Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar.

Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.

Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler.

Bu ugurda öňde durýan wezipeler Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Türkmentehnogurluşyk ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyrylar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyga Türkmenawtoulaglary agentliginiň başlygy O.Suhanowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ulag serişdelerine, şol sanda olaryň tehniki ýagdaýyna, hereket edýän ugruna hem-de ýerleşýän ýerine gözegçiligi ýola goýmagyň, gatnawlaryň howpsuzlygyny we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de bu ulgamdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere we Türkmenawtoulaglary agentliginiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyz boýunça ýolagçy gatnadýan hem-de ýük daşaýan awtoulag serişdeleriniň gözegçilik ulgamyna birikdirilmegi, ulag serişdelerini dolandyrmak ulgamyna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sebitiň we yklymyň iri ulag geçelgesi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ösüşinde täze tapgyry emele getirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi.

Häzirki döwürde elektron sergi internet ulgamynda giňden ýaýrandyr. Munuň özi halkara işewürler gatnaşygynyň, daşary söwdanyň, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň ösüşiniň netijeli guraly bolup durýar.

Sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele getirmek arkaly kärhanalar we guramalar, harytlar hem-de hyzmatlar, gazanylan ykdysady netijeler hem-de üstünlikler baradaky elektron maglumatlar ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlenilýär.

Onuň wagty tygşytlamakda hem-de netijelilik babatda birnäçe artykmaçlyklary bolup, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň görnüşleri we hili baradaky maglumatlary ähli gyzyklanma bildirýän ulanyjylara ýetirmekde bähbitlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onlaýn-meýdançalaryň ulanylmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny herekete girizmäge, täjirçilik tekliplerini alyşmak üçin şertler döretmäge, şeýle hem köp ýagdaýda internet-dükanlaryň we türkmen önümlerini ýerleýän söwda öýleriniň saýtlarynda ulanyjylaryň isleglerini başga bir ugra gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Eksport harytlaryň elektron sergisini Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde işläp taýýarlamak we onda birnäçe pudaklaryň we hususyýetçileriň elektron sergilerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Sergileriň şeýle görnüşde guralmagynyň, oňa gatnaşýanlara maliýe, wagt we zähmet serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini nazara alyp, işewür gatnaşyklaryň şeýle görnüşini ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine goldaw bermek üçin ulanylmagy bähbitli bolar.

Şeýle hem milli Liderimiz wideoaragatnaşyga dokma senagaty ministri R.Rejebowy çagyrdy. Ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, halkara sergilerini guramagyň dünýäniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň eksport harytlarynyň elektron sergisini döretmegiň taslamasy barada aýdyp, maglumat alyşmagyň şeýle görnüşiniň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyk gelýär hem-de söwda gatnaşyklarynyň çägini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz munuň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň, ýurdumyzyň senagatyny hem-de hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we senagatlaşdyrmagyň netijeleri bilen halkara işewür toparlarynyň tanyşmagyna kömek etjekdigini aýtdy hem-de täze internet meýdançalarynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda täzeçil tehnologiýalaryň esasynda dünýä ölçeglerine gabat gelýän nah pagtadan ýokary hilli dokma önümleriniň, ýüpek matalarynyň, şeýle hem el halylaryň köp görnüşleriniň öndürilýändigini belledi.

Milli Liderimiz bu önümleriň daşary ýurt bazarlaryna has işjeň ugradylmagy üçin degişli mahabat-maglumat üpjünçiliginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň eksport harytlarynyň elektron sergisiniň wajypdygyna ünsi çekip, onda ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriniň giňden beýan edilmelidigini hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümlerine täze usullar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Dünýä tejribesi nazara alnyp taýýarlanan taslama döwürleýin neşirleriň makalalary, täzelikler we beýleki maglumatlar bilen çalt tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder. Her bir neşiriň aýratyn elektron gaznasynyň bolmagy onlaýn tertibinde okyjylaryň islegine görä, maglumatlaryň sanawynyň iberilmegi, abuna ýazylyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy täze ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, wise-premýer onuň ornaşdyrylmagy bilen kagyza we beýleki poligrafiýa serişdelerine edilýän çykdajylaryň köp derejede azalmagyny üpjün etjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwürleýin metbugat neşirleriniň elektron görnüşine we internet ulgama geçirilmeginiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýtdy. Onuň baş maksady häzirki zaman standartlarynyň derejesine çykmakdan ybaratdyr.

Sanly ulgamyň bu pudaga girizilmegi diňe bir wagty we metbugat serişdelerini tygşytlamaga däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligini ýurdumyzyň durmuşy, ýeten derejesi bilen tanyşlygyny ýokarlandyrmakda aýratyn wajypdyr. Maglumatlaryň kabul ediji enjamlaryň ähli görnüşlerine elýeterliligi üpjün edilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň yzygiderli öwrenilmeginiň we özleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi, täze media-tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly ähli pudaklaýyn düzümleriň işi kämilleşdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap derejede guramak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň çäklerinde, soňky ýyllarda bilim pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urmagy üçin binýatlaýyn esas bolup hyzmat edýär.

Okatmagyň täze usullarynyň we dünýäniň häzirki zaman okuw-usulyýet ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan, täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny nazarlaýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy şu ugra gönükdirilendir. Ol bilim edaralarynyň häzirki zaman kompýuterleri, multimediýa enjamlary we zerur elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegini şertlendirýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ugurda başy başlanan düýpli özgertmeleriň türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna we halkara ölçeglerine kybap gelýän bilim almaklarynyň ygtybarly binýadydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirýän işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda hem-de şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatynda beýan edilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji martynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekildi.

Bu resminamanyň esasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bellenilen döwür üçinÝurt boýunça maksatnamalary taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.Aprel-maý aýlarynda şol edaralar bilen degişli geňeşmeleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Diýarymyzyň Milletler Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmeginde Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek möhüm bolup durýar. Bu düzümler bilen bilelikde dürli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ulag syýasatynda möhüm orun eýeleýän Ýewraziýa giňişliginde ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak meselelerine uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 14-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde DIM-niň binasynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara resminamalarynyň 8-sine gatnaşmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolar.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Keniýa Respublikasynyň Naýrobi şäherinde merkezi edarasy ýerleşýän daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky ýurdumyzyň hemişelik wekilini şol bir wagtda UNEP maksatnamasynyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde bellemek teklip edilýär, munuň özi bu iri düzüm bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň BSG-a goşulmak baradaky meseläni öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylda ýörite hökümet topary döredildi.Bu toparyň mejlisleriniň, şeýle hem şol edaranyň wekilleri we halkara bilermenleri bilen geçirilen geňeşmeleriň jemleri boýunça ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigi bellenildi.

Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak hem-de degişli maglumatlary taýýarlamak maksady bilen, 15-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem ykdysady toplumyň ähli pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasy bilen hyzmatdaşlyk munuň üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, 16-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasynyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda awtorlyk hukugyny goramak hem-de ýokary okuw mekdeplerinde Intellektual eýeçiliginiň esaslaryny okatmak we beýleki möhüm meseleler boýunça tejribe alyşmak maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň Watanymyz abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede abadançylygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG we onuň esasy ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedir. Olar bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy, durmuş-ykdysady, ynsanperwerlik, ekologiýa, hukuk we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary kabul etmegi bu köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini alamatlandyrýar.

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň uly ähmiýetiniň subutnamasy bolan şol başlangyçlar energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen tarapynyň teklipleri Milletler Bileleşiginiň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň geljekde hem BMG we beýleki halkara guramalary bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürjekdigini aýdyp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri yzygiderli dowam etmegi, şeýle hem meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Resmi habar
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
BMG: her ýyl milliard adamlyk azyk zibile atylýar
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ DAŞKY GURŞAW BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy