Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellenildi

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Kakabaýewiç Gurbanow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Jumaýewiç Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal biz, başga işe geçmekleri sebäpli, Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň we Berdinyýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýewiň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipelerinden, şeýle-de Ahmet Kakabaýewiç Gurbanowyň Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadylandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Mätiýew, başga işe geçmegi sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte we BAE sapary taýýarlanylýar