Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy oktýabrda Merdan Baýramdurdyýewi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ýatladýarys, emeldar bu wezipä 9-njy ýanwarda bellenildi.
Onuň ýerine Sylap Welbegow bellenildi.
Myratdurdy Orazdurdyýew Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Myratdurdy Orazdurdyýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipesine bellenildi.Ozal bu wezipäni Myratnyýaz Berdinyýazow eýeleýärdi, ol 5-nji oktýabrda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlyklygyna bellenildi.
