Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte we BAE sapary taýýarlanylýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy martda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi we onuň dowamynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn wagtda Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar etmegine taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

“Döwlet baştutany Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Reşit Meredowa saparlara taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji dekabrda BAE-niň daşary işler ministri Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky delegasiýasyny kabul etdi. Şonda, TDH-nyň maglumatyna görä, “arap maýadarlary TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler”.

11-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň daşary işler minitriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri, şeýh Abdulla bim Zaýed Al Nahýanyň duşuşygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Prezident Erdogan BAE-niň döwlet baştutany Al Nahaýany Gurban baýramy bilen gutlady
Berdimuhamedow maliýe ministriniň orunbasaryny täzeledi
Binagärleriň ilkinji bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi