“Arkadag” topary “Al-Nassr” topary bilen bije çekişdi

“Arkadag” topary “Al-Nassr” topary bilen bije çekişdi

Geçen hepdäniň dowamynda AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda toparçadaky iň soňky duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 2-nji orun bilen 1/8 finala çykan “Arkadag” toparynyň az salym öň çekilen bijede garşydaşy belli boldy. Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” toparynyň bijesine Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary düşdi. 1-nji duşuşyk ýurdumyzda oýnalar.

Kataryň “Al-Ahli” topary bolsa Eýranyň “Sepahan” topary bilen duşuşar.Eýranyň başga bir kluby “Esteglal” bolsa Iordaniýanyň “Al-Hussein” topary bilen bije çekişdi. Çempionlygyň dalaşgärlerinden BAE-niň “Al Wasl” topary çärýek finala çykmak üçin ilki Yragyň “Al-Zawraa” toparyny ýeňmeli bolar.

Jemi 16 klub ýaryşy dowam edip, olaryň 8-si Günbatar, galan 8-si bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. 1/8 finalyň duşuşyklary Günbatar sebiti üçin 1-nji oýunlar 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 17-18-nji fewralda geçiriler. Gündogar sebitiniň oýunlary-da 11-12-nji hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.

Günbatar sebiti

“Al Zawraa” (Yrak) “Al Wasl” (BAE)

“Arkadag” (Türkmenistan) “Al-Nassr” (Saud Arabystany)

“Sepahan” (Eýran) “Al Ahli” (Katar)

“Esteglal” (Eýran) “Al-Hussein” (Iordaniýa)

Gündogar sebiti

“Phohan Stilers” (Koreýa Respublikasy) “Gamba Osaka” (Ýaponiýa)

“Ratçaburi” (Tailand) “Persib Bandung” (Indoneziýa)

“Bangkok Ýunaýted” (Tailand) “Makartur” (Awstraliýa)

“Kong An Hanoý” (Wýetnam) “Tampines Rowers” (Singapur)

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
“Arkadag” topary 1/8 finala çykdy, “Al-Nassr” bilen bije çekişip biler
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy
"Arkadag" futbol kluby 2025-nji ýylda dördünji baýragy Türkmenistanyň Kubogyny aldy
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Kriştianu Ronaldu Al-Nassr bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar