Bäş gezek Altyn topuň eýesi bolan Kriştianu Ronaldu AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Arkadag topary bilen bolan duşuşyga Aşgabada gelmekden ýüz öwrüpdi.Indi bolsa onuň çykyş edýän saud topary Al-Nassr finalda ýaponiýaly Gamba Osaka toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlip, ýaryşyň kubogyny gazanyp bilmedi.
Final duşuşygy Er-Riýadda geçirildi.Duşuşykda ýeke-täk pökgini 30-njy minutda Gamba Osaka toparynyň türkiýeli hüjümçisi Denis Hümmet geçirdi.Ronaldu Al-Nassr toparynyň esasy düzüminde meýdança çykyp, oýny doly tamamlady. Şeýle hem Saud Arabystanynyň toparrynyň beýleki ýyldyz futbolçylary Žoau Feliks bilen Sadio Mane hem bütin duşuşygy oýnadylar.
Emma olar toparyna kubogy gazanmaga kömek edip bilmediler. 41 ýaşly portugaliýaly ýyldyz üçin şu möwsümdäki ýeke-täk teselli topary bilen Saud Arabystanynyň çempionatynda gazanylan ýeňiş boldy. Şeýlelikde, Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän Al-Nassr topary bilen ilkinji gezek Saud Arabystanynyň çempiony boldy.
Mundan öň ol bu toparyň düzüminde diňe 2023-nji ýylda Arap çempionlarynyň kubogyny gazanypdy. Ýatladyp geçsek, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Al-Nassr toparynyň ätiýaçlyk düzümi Aşgabatda-da, Er-Riýadda-da Arkadag toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňipdi. Şol duşuşyklarda saud toparyna 71 ýaşly meşhur portugaliýaly tälimçi Žorže Žezuş ýolbaşçylyk edipdi.
Ol Saud Arabystanynyň çempionatynda ýeňiş gazanylandan soň toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy.AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasy Aziýadaky Ýewropa ligasynyň meňzeşi bolup, yklymyň ähmiýeti boýunça ikinji derejeli toparlaýyn ýaryşydyr.
Gamba Osaka bolsa bu ýaryşyň taryhynda çempion bolan ilkinji ýapon toparydyr.
