Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady

Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady

Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminde taýýarlygy tamamlady. Taýýarlyk üçin Türkiýede we BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri Abu-Dabi şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda Dubaý şäheriniň Regional Sports FC topary bilen güýç synanyşadylar hem-de 4:2 hasabynda üstün çykdylar.

Arkadag topary Türkmenistanyňp çempionatynyň täze möwsümindäki deslapky oýnuny ikinji tapgyrda wise-çempion Altyn asyr bilen geçirer. Oýun 7-nji martda bolup geçer.

Maglumat üçin, gyşky transfer möwsüminde Arkadag topary düzümini birnäçe oýunçylar bilen güýçlendirdi hem-de käbir oýunçylar bilen hoşlaşdy.

Topary Mihail Titow we Roman Galkin terk etdi. Derwezeçi Rahat Japarow, gorgaçy Ylýas Çaryýew, ýarymogarçy Mirza Beknazarow hem-de hüjümçi Şamämmet Hydyrow kluba täze gelen oýunçylardyr.

Ýeri gelende bellesek, täze möwsümiň öňüsyrasynda Arkadag toparynyň ýaşlaryndan ybarat Arkadag-2 topary döredildi hem-de ol şu möwsümde Türkmenistanyň ýaşlar ligasynda çykş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ýarym finalyň jogap duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda Ahaly uly hasap bilen ýeňen Altyn asyr finala çykdy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar