Arkadag topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

Arkadag topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

Arkadag futbol kluby Aşgabat şäherinde geçirilen oýunda Altyn asyrdan üstün çykyp, wagtyndan öň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çempion boldy. Nisa stadionynda bolan duşuşyk 4:0 hasabynda Wladimir Baýramowyň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.

Ýeňiji bolan toparyň düzüminde ýarymgoragçy Welmyrat Ballakowyň (44, 68) we hüjümçi Didar Durdyýewiň (58, 60) hersi iki gezek tapawutlandy.

Şeýlelikde, Arkadag topary utuklarynyň sanyny 60-a ýetirip, ýaryşyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempionlygy kepillendirdi. Ikinji orundaky Altyn asyrda bolsa 44 utuk bar. Bu üstünlik Arkadag şäheriniň adybir Arkadag toparynyň taryhyndaky ilkinji çempionlykdyr.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Ilkinji möwsümde ilkinji çempionlyk
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi