“Arkadagly medeniýetim, sungatym, Berkarar döwletde artýar gymmatyň” atly maslahat

“Arkadagly medeniýetim, sungatym, Berkarar döwletde artýar gymmatyň” atly maslahat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arkadagly medeniýetim, sungatym, Berkarar döwletde artýar gymmatyň” ady bilen maslahat geçirildi hem-de giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

Maslahata medeniýet we sungat işgärleri we kitaphana hünärmenleri, okyjylar gatnaşdylar.Maslahatda çykyş edenler “ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri dogrusynda, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti“, “Ile döwlet geler bolsa...“, “Medeniýet halkyň kalbydyr“, Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplarynyň medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda gymmatly çeşmeler bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlygymyzyň nyşanlary ‑ bagtyýar durmuşymyzyň kepili
Paýhas bilim merkezi iňlis dili boýunça tölegsiz sapaklara gatnaşmaga çagyrýar
Iýul aýynda Türkmenistan awikompaniýasy Moskwa bilen dowamly howa gatnawyny dikelder, Medeniýet hepdeliginiň dowamynda Türkmenfilm täze filmini görkezer, Türkmenistanyň pasporty dünýä sanawynda saýlama 100-lige girdi, we beýleki habarlar
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
“Paýhas çeşmesi” kitapdan
Paýhaslar