Arkadagly Ýaşlar žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Arkadagly Ýaşlar žurnaly 2026-njy ýyldaky 3-nji sany çap edildi.Neşiriň baş makalasy Beýik dostlugyň täze gözýetimleri diýlip atlandyrylýar.

Ol Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň ýaşlaryň ykbalyny galkyndyryjy aýratynlyklaryna bagyşlanýar.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bäş ýylyň dowamynda bitiren haýyrly işleri hakyndaky makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Ýaşlar neşiriniň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylan ilkinji makala mart aýynda bellenilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Ýaşyl dünýäniň ýaraşygy atly çykyş bolsa ýazky bag ekiş möwsüminiň başlanmagyna bagyşlanýar.

Baharyň ilkinji aýynda ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Talyp gözeli bäsleşigi hem geçirildi.Bu bäsleşigiň geçirilişi we ýeňijileri barada neşir ýörite makalada gürrüň berýär.Döwlet edaralarynda emeli aň tehnologiýasynyň ornuna bagyşlanan çykyş döwrebap wezipeden söz açýandygy bilen gyzyklydyr.

Täsirli makalalaryň ýene birinde halkara giňişlikde meýletinçi-terjimeçilik işiniň ähmiýetine üns çekilýär.Neşiriň şu sanyndaky täsirli makalalaryň ýene birinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki tebigata bolan söýgi käbir hytaý şahyrlary bilen deňeşdirilýär.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň döredijilik ýoly baradaky makala Millilige gulluk etmeli diýip atlandyrylypdyr. Şahyr Çary Ýegenmyradowyň döredijilik dünýäsinden söhbet açýan Pursatlar atly makala hem okyjyny özüne çekse gerek. Žurnalda ýerleşdirilen Hyýallaryň ganatynda atly makala Gurbannazar Ezizowa bagyşlanypdyr.

Bagtlylyk hakyndaky çykyşy iňlis dilinde okap bilersiňiz.Rus dilindäki makalada bolsa şygryýetiň jadylaýjy güýji barada gürrüň edilýär.Däp bolşy ýaly, žurnal aprel aýynyň täleýnamasyny hem paýlaşýar.Neşiriň ahyrky sahypalarynda ahalteke bedewleri, emeli aň baradaky çykyşlar hem täsirli bolupdyr. Öý bikeleri şu gezek semeniniň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlary hem okap bilerler. Şeýle-de Ýaş waspçy bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada maglumat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady