Köňülleri birleşdirýän sungat

Türkmen halky bedew bady bilen barha öňe barýar. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestri we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi.

Konsert kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Nury Halmämmedowyň “Kärizgenler” kinofilminden saz bilen açyldy.Soňra XX asyryň zehinli şahyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň sazyna “Özgeleri diňledim”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyzlaryma” aýdymlaryny orkestriň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Aýdym tomaşaçylarda uly ruhybelentlik duýgusyny döretdi.Dabaranyň dowamynda Andreý Babaýew “Söýgülimiň gözleri”, Slimane “Mon Amour”, Aman Agajykow “Aýly agşam” aýdymlaryny kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň” mugallymy Mähri Gurbanowa, Muslim Magamaýew “Sineýa weçnast” mekdebiň uçurymy Seýran Hydyrow ýerine ýetirdi.

Ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň “Säher guşlar saýranda”, “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylarda tolgundyryjy pursatlary döreden aýdymlaryň biri boldy.Konsertiň jemleýji pursatlarynda Türkmen halk sazy “Galan bar” Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Bäşim Gylyjow we Serdar Aşyrow ajaýyp owazlar bilen ýerine ýetirdiler.

Soňra Daňatar Hydyrowyň “Şadyýan gün” aýdymyny kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.Konserda gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürmekde, döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Köňüller kelamy halkara teatr festiwalynyň ilkinji spektakly
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Aýdym bolup ýüreklere siňenim...
Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"