Artyk hem-de Sarahs gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek boýunça işleri tapgyrlaýyn esasda alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän Artyk hem-de Sarahs awtoýollary gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine başlady.

Gurluşyk işleri Ojar Aziýa hususy kärhanasy tarapyndan 2025-2026-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda gümrük nokadynyň çäginde öňki hereket edýän binalaryň durkuny düýpli täzelemek bilen bir hatarda, esasan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak hem-de gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu işleriň netijesinde bolsa, halkara ýük daşamalaryna amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň gümrük nokatlaryň çäklerinde gümrük gözegçiligi üçin sarp edilýän wagtynyň has-da azalmagy we üstaşyr geçirilýän ýükleriň bolsa artmagy üçin şertler döreder. Şeýlelik-de bolsa, gümrük nokatlaryň ulag geçirijilik kuwwaty has-da ýokarlandyrlar.

Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän Artyk hem-de Sarahs awtoýollary gümrük nokatlary ýurdumyzyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlary bolup durýar.

Çeşme: customs.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran gümrük geçelgesi işläp başlady, serhetde ýüzlerçe ýük ulagy jemlendi
Türkmen-eýran serhedindäki bitarap zolakda awtobuslaryň ýol kireýi iki esse gymmatlady
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy