Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Eýranyň nebit ministri, ýurduň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory Majid Çegeni bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Türkmengaz döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Arçaýew Myrat we konserniň gaýtadan işlenen tebigy gazy daşary ýurtlarda satmak bölüminiň müdiriniň orunbasary Begenç Hudaýberdeýew hem gatnaşdy. Eýran tarapyndan duşuşykda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryş geňeşiň agzasy we maliýe direktory Seýid Muhammet Huseýin Hosseýni hem-de dolandyryş geňeşiniň agzasy we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Hosseýn Bidarmagz gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmengaz döwlet konserniniň wekili Eýranda nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy
Pars edebiýatynyň iň abraýly baýragy gowşuryldy
BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi
Ysraýyl resmilerini uruş jenaýatçylary hökmünde jogapkärçilige çekmegiň zerurlygy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Eýran, Ysraýyl režimini we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasyny çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna goşmaýandygy üçin tankytlady