Pars edebiýatynyň iň abraýly baýragy gowşuryldy

Pars edebiýatynyň iň abraýly baýragy gowşuryldy

7-nji ýanwarda Tähran şäherindäki Eýranyň Milli kitaphanasynyň dabaralar zalynda häzirki zaman pars edebiýatynyň iň ýokary sylagy hasaplanýan 18-nji Jelal al-Ahmed edebiýat baýragyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministrliginiň gurnamagynda geçirilen bu çäre, ýurduň edebiýat älemindäki iň möhüm wakalaryň biri hökmünde kabul edilýär.

Dabaranyň açylyşynda çykyş eden Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Seýid Abbas Salehi Eýranyň hekaýalaryň we kyssalaryň mekanydygyny, bu mirasyň bolsa häzirki zaman ýazyjylarynyň galamy arkaly täze öwüşgine eýe bolýandygyny aýratyn belledi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Roman we uly göwrümli proza ugrunda Mohammadreza Katebiň Lems (Galtaşma) romany iň gowy eser diýlip saýlandy. Şonuň bilen birlikde, ýazyjy Zehra Gudarziniň General romany hem ilkinji gezek kitabyny çap etdiren awtorlaryň arasynda ýokary baha eýe boldy.

Gysga hekaýalar bölüminde bolsa iki ýeňiji yglan edilip, Abbas Aziminiň Käwagt mazarlara hem nazar sal we Hosrow Abbasi Hodlanyň Men Ibn Batutadyryn atly eserleri baýraga mynasyp görüldi.Dokumental edebiýat ugrunda bolsa Morteza Serhenginiň Kasym atly kitaby öňe saýlandy.

18-nji gezek geçirilen bu bäsleşigiň kätibi Majid Geýsari şu ýyl tabşyrylan eserleriň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim, dokumental edebiýat bölüminde bolsa 35 göterim artandygyny mälim etdi. Şeýle hem çärede zenan ýazyjylaryň görnetin işjeňligi we olaryň kämil eserleri aýratyn bellenilip geçildi. Ýöne bäsleşigiň eminleri edebi tankyt bölüminde ýeterlik derejede gowy eser tapylmandygy sebäpli, bu ugurda hiç bir awtory ýeňiji diýip yglan etmediler.

Jelal al-Ahmed baýragy diňe bir ýazyjylary maddy taýdan höweslendirmän, eýsem, saýlanan eserleriň gaýtadan çap edilmegine we halkara derejesinde tanyşdyrylmagyna hem giň ýol açýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi
Ysraýyl resmilerini uruş jenaýatçylary hökmünde jogapkärçilige çekmegiň zerurlygy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Eýran, Ysraýyl režimini we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasyny çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna goşmaýandygy üçin tankytlady
Yrakda protestçilere od açyldy