Asad Bilen Maşgalasy Moskwa Bardy

Asad Bilen Maşgalasy Moskwa Bardy

Russiýa, Siriýanyň agdarlan lideri Başar Asadyň ýurdy terk edendigini mälim etdi, käbir töwerekler bolsa Asadyň we maşgalasynyň Russiýa gidendigine ünsi çekdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Siriýadaky ýagdaýa alada bildirilýändigi nygtaldy we Asad bilen ýaragly toparlaryň arasynda gepleşik geçirlendigi öňe sürüldi.

Beýannamada “Geçirlen gepleşikler netijesinde Asad hökümetiň parahatçylykly ýagdaýda tabşyrylmagy üçin görkezme berdi we wezipesini taşlap ýurdy terk etdi. Russiýa şol gepleşiklere gatnaşmady” diýildi.

Rus habarlar gullugy TASS-yň berýän habaryna görä, başpenalyk teklip edilen Asad bilen maşgalasy paýtagt Moskwa bardy.

Siriýada 27-nji dekabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen garşydaş ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar möwjäpdi.

Paýtagt Damaska 7-nji dekabrda girmäge başlan ýaragly toparlara halkyň goldaw bermegi netijesinde Siriýanyň hökümeti birnäçe etrapda gözegçiligini ýitiripdi.

Düýn hem Baas ulgamynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýeti agdarlypdy.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Türkiye ikirjiňlenmelerine garamazdan Siriýa-SDG ylalaşygyny goldaýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Ibrahim Kalyn Siriýada saparda boldy
Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Siriýada Asadyň agdarylmagynyň birinji ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär