Aşgabadyň çagalar baglary Halkara zenanlar gününe tas iki aý öňünden taýýarlyk görüp başlady

Aşgabadyň çagalar baglary Halkara zenanlar gününe tas iki aý öňünden taýýarlyk görüp başlady

Aşgabadyň mekdebe çenli bilim edaralarynda 8-nji martda belleniljek Halkara zenanlar gününe häzirden taýýarlyk görlüp başlandy. Çagalar baglarynyň körpelerinden enä bagyşlanyp ýazylan goşgulary ýat tutmak talap edilýär.

Ene-atalaryň ençemesi Täze ýylyň bellenilmegine garşy dürli çäklendirmeleri girizen häkimiýetleriň zenanlar baýramyna tas iki aý öňünden taýýarlyk görüp başlamagyna nägilelik bildirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.

“Körpeleriň köpüsine enä bagyşlanan goşgulary öňümizdäki aýyň ahyryna çenli ýat tutmak tabşyryldy. Käbir çagalar baglarynda enä bagyşlanan gysgajyk teatr oýunlaryny sahnalaşdyrjak körpeler hem saýlanyp alyndy” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we terbiýeçileri körpeleriň bu çykyşlary, şol sanda goşgulary Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçiriljek dabarada ýerine ýetirjekdigini aýdýarlar.

“Çagalar baglarynda we şäheriň dürli künjeginde uly dabaralar geçiriler. Şol sebäpli Halkara zenanlar gününe döwlet derejesinde häzirden taýýarlyk görülýär” diýip, aşgabatly başga bir ene çagalar bagynyň bir terbiýeçisiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni her ýylyň 8-nji martynda bellenilýär.Bu gün mynasybetli ýurduň dürli künjeginde köpçülikleýin mejbury çäreler geçirilip, aýal-gyzlara prezidentiň adyndan pul sowgady gowşurylýar.Bu tejribe soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Geçen ýyl prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan 60 manat sowgat bermegi buýurdy.Bu sowgat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3 dollar çemesi serişde bolupdy.

​Bu aralykda, ene-atalaryň ençemesi häkimiýetleriň ilatyň Täze ýyl baýramçylygyny bellenilmegine garşy dürli çäklendirmeleri girizendigine ünsi çekip, Halkara zenanlar gününe tas iki aý öňünden taýýarlyk görlüp başlanylmagyna nägilelik bildirýär.

“Resmiler çagalarymyzyň däp bolan we giňden bellenilýän Täze ýyl baýramyny bellemegini gadagan etdiler. Çagalar arçanyň daşyndan aýlanyp, goşgy aýdyp, Aýazbabadan sowgat alyp bilmediler. Çagalar Täze ýyl atmosferasyndan mahrum boldular. Häkimiýetler 8-nji martda belleniljek Zenanlar gününe bolsa, häzirden taýýarlyk görýärler. Diýmek, häkimiýetleriň ilatyň Täze ýyly bellemegine garşy göreşýändigi hakykat bolup çykýar” diýip, aşgabatly ene belledi.

Türkmenistanda geçen ýylyň ahyrynda Täze ýyla garşy wagyz işleri, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da güýçlendirildi. Häkimiýetler ýurt boýunça baýramçylyga garşy gadagançylyklaryň birnäçesini güýje girizdiler.

Döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirildi, ozal oturdylan täze ýyl arçalarynyň aglabasy sökülip aýryldy. Mundan ozal, edara-kärhanalaryň tas ählisiniň öňünde täze ýyl arçalary dikilýärdi. Şeýle-de, mekdeplerde we çagalar baglarynda Täze ýyl oturylyşyklary ýatyryldy.

Balkanda Täze ýyl çäresini geçiren bilim işgärleri MHM tarapyndan soraga çekilip, jerime tölemäge mejbur edildi. Şeýle-de, olara wezipelerinden boşadylmak ähtimallygynyň bardygy duýduryldy.

Resmi media Aşgabatda Täze ýyla bagyşlanan ençeme çäräniň, konsertleriň, teatr sahnalarynyň gurnalandygyny habar berip, prezidentiň maşgalasynyň baýramçylygy belleýän pursatlaryny görkezdi. Ýöne ýurtda baýramçylyk bilen bagly girizilen gadagançylyklar barada hiç hili maglumat bermedi.

Ýagdaýlara syn edýän ýerli synçylaryň birnäçesi anonim şertde Azatlyga beren maglumatynda bu çäreleriň Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda prezidentlige girişmegi bilen başlandygyna ünsi çekip, munuň döwlet baştutanynyň “dini garaýyşlary bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar