Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze bilim edaralary gurlar

Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze bilim edaralary gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Ahalteke atym uçar ganatym
Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa