Aşgabadyň eteginde regionalaryň awtoulaglary üçin ýörite maşyn parky gurulýar diýip, “Azatlyk” habar berýär.
Aşgabatdan 15 kilometrlikde, Gäwer düzlüginde ýerleşýän awtoduralganyň gurluşygy 10 gün ozal başlandy.
“Bu awtoduralganyň gurluşygyny juda gysga wagtda, iýun aýynyň ahyryna çenli tamamlamak talap edilýär. Onda 3000-e çenli ulagy ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna, Milli howpsuzlyk gullugyna, polisiýa gullugyna niýetlenen jaýlar bolar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran hususy gurluşyk firmasynyň inženeri aýdýar.
Awtoduralganyň gurulmagynyň düýp maksady “Aziada-2017” oýunlary başlamazdan bir ýa-da bir ýarym aý çemesi ozal, ýurduň Mary, Lebap we Ahal welaýatyndan gelýän awtoulaglaryň Aşgabat şäherine girmeginiň öňüni almak bilen baglanyşykly.
“Aziadanyň öň ýanynda Aşgabada degişli bolmadyk awtoulaglar, ýük ulaglary we beýleki ulaglaryň hiç biri paýtagta goýberilmez. Şol awtoulaglar täze gurulýan awtoduralgada saklanar.Aşgabada gelýän ýaşaýjylar şol ýerde awtoulagyndan düşenden soň, olaryň el goşlary we şahsyýetini anyklaýan dokumentleri barlanar.
Sähel şübheli adamlar Aşgabat şäherine goýberilmän, yzyna dolanmaga mejbur ediler.Dokumentleri we beýleki zatlary talaba doly gabat gelýän adamlar ýörite awtobuslar bilen paýtagtyň belli bir bölegine eltiler. Şondan soň olar ahyrky barjak ýerlerine özleri ýol aşmaly” diýip, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäri aýdýar.
Ýatladýarys, Aziadanyň öňünden Aşgabat köne awtoulaglardan hem saplanylýar.
