Häkimiýetler ýeterlik awtoduralga gurulýandygyny aýdýalar. Polisiýa şäherlileriň maşynlaryny kowmagy dowam etdirýär

Türkmenistanyň prezidneti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji awgustda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi. Beýleki meseleleriň arasynda maşyn goýulýan ýerleriň meýdanyny giňeltmek meselesine hem garaldy.

“Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynda, ýol ýakalarynda ulaglaryň bir ýere jemlenmeginiň öňüni almak üçin awtomobil eýeleri maşyn goýulýan ýerler bilen üpjün edilmeli” diýip, döwlet baştutany Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Dädebaý Amangeldiýewe “Aşgabadyň awtomobilleşmeginiň ýokary depginde ösmegi bilen baglylykda paýtagtdaky awtoulag parklaryny analizlemegi” tabşyrdy.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, “Aşgabatda awtoduralgalaryň 615-si gurlup ulanmaga berildi. Olar umumylykda 88 müň 139 awtoulaga niýetlenendir. Awtoduralgalaryň 34-si köp derejeli, 249-sy bolsa açyk görnüşli. Olaryň 332-si belent, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzemininde ýerleşdirildi“.

Şeýle-de TDH-nyň maglumatyna görä, “Şäheriň demirgazyk künjeginde, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ýanynda umumy meýdany 8 gektara barabar bolan 759 orunlyk awtoduralga guruldy.Aşgabat-Mary ýolunyň ugrunda bolsa umumy meýdany 12 gektara barabar bolan we 1258 ulaga niýetlenen duralga bina edildi.

Günbatar tarapda umumy meýdany 20 gektara barabar bolan 14 müň 400 ulaga niýetlenen duralga bar.Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa 1400 orunlyk awtoduralga guruldy.Mundan başga-da, paýtagtyň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Arçabil etraplarynyň çäklerinde 21 müň 294 ulaga niýetlenen 42 duralga guruldy.

Başga şäherli sürüjiler Aşgabada girilýän ýerde öz awtoulaglaryny goýup, gerek ýerlerine jemgyýetçilik awtoulaglarynda baryp bilerler.”

Ýatladýarys, Berdimuhamedow 5-nji iýunda “paýtagtyň ähli künjeklerinde, şol sanda şähere gelýän maşynlara niýetlenen awtoduralgalaryň gurluşygyny tizleşdirmegi” tabşyrypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde polisiýanyň maşynlary başga ýerde goýmaklygy talap edip geçirýän reýdleri barada yzygiderli habar beripdi. Eýeleriniň aýryp ýetişmedik awtoulaglary bolsa, ewakuatorlaryň kömegi bilen jerime stansiýalaryna alnyp gidilýärdi.

Polisiýa işgärleri soňky gezek jaýlaryň töwereklerine aýlanyp, hiç hili duýduryş bermezden, bu ýerlerde goýlan maşynlaryň nomerlerini goparyp gitdi.

Paýtagta girilýän ýerlerde gurlan awtoduralgalar barada aýdylanda bolsa, olaryň gurulmagy häkimiýetleriň başga regionlaryň awtomobillerini Aziadanyň öňüsyrasynda Aşgabada goýbermezlik karary bilen bagly.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň daşynda regionalryň awoulaglary üçin awtoduralga gurulýar
Aşgabatda welaýat belgili ulaglar jerime duralgasyna gabalýar
Täze etrapçadaky awtoulagly ýaşaýjylara rahatlyk ýok
18.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aziýa oýunlary Aşgabatda iki müň raýaty goşmaça awtoduralga töleglerine mejbur etdi