Aşgabadyň “gara bazarynda” dollaryň bahasy üýtgemegini dowam edýär

Aşgabadyň “gara bazarynda” dollaryň bahasy üýtgemegini dowam edýär

Hepdäniň başyndan bäri Aşgabadyň “gara bazarynda”dollaryň bahasy 25 manatdan 20 manada çenli peselip, durnuksyz bolmagynda galýar we 19-23 manat aralygynda üýtgeýär.

15-nji oktiýabrda günortan dollar 22 manatdan satyn alyndy we 22,5 manatdan satyldy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, soňky aýlda bazarlarda walýuta söwdagärleri köpeldi.

Görnüşi ýaly,bikanun walýuta söwdasy köp alyjy gelýän azyk bazarlarynda we dükanlarynda edilýär. Olar bazarlara barýanlaryň daşyny gurşap, walýuta satýarmysyňyz diýip gyzyklanýarlar.

Walýuta alyp-satýanlar iş ýüzünde açyk işleýärler, olara polisiýa degmeýär.The post Aşgabadyň “gara bazarynda” dollaryň bahasy üýtgemegini dowam edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda elden walýutany alyp satýanlara garşy reýd geçirilýär
Ýer, suw meseleleri öwlen özgertmeleriň sepini açýar
"Halkbank" raýatlaryň VISA kartlaryna gaýtadan pul geçirip başlady
“Gara bazarda” dollaryň bahasy 25 manada çenli arzanlady
Liwanda 13 aýdan soň täze hökümet guruldy
Gara bazarda dollar ýene gymmatlady: Aşgabatda 30 manat, Türkmenbaşyda 32 manat