
Türkmenabat şäherinde walýuta söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy reýdler geçirilýär. Onlarça adamyň tussag edilendigi mälim boldy.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndaky işgärleriň we resmi däl walýuta söwdasyndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, walýuta söwdagärlerine garşy reýdleriň dowamynda ýüzden gowrak adam tussag edilipdir, emma ençemesi dessine goýberilipdir.
"Häzirlikçe şäheriň çäginde 112-ä golaý dollarçy tutyldy. Olar 'esasy eýeler' bilen bagly bolsa, 'bir jaňda' meselesini çözüp, azatlyga çykdylar. Beýlekilere bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäginde ýokary derejeli jerimeler salyndy" diýip, türkmenabatly kanun goraýjy 29-njy aprelde gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýene bir çeşmäniň aýtmagyna görä, tussag edilen "dollarçylaryň" birnäçesi MHM tarapyndan soraga çekilýär we güýçli basyşa sezewar bolýar.
"Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky 'podwalda', ýagny deslapky tussaghanada 5-e golaý 'dollarçy' saklanýar. Olar MHM tarapyndan soraga çekilýär. Olaryň arkasynda duran hususyýetçi firmalary we 'esasy eýelere' bagly bolmadyk dollarçylary kesgitlemek üçin, olary gynaýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme habar berdi.
Çeşmeler "esasy eýeler" diýip, şäherde walýutanyň gara bazaryna gözegçilik edýän häkimiýet wekillerini atlandyrdylar we olaryň arasynda hökümet resmileriniň we güýç edaralaryň, şol sanda MHM-niň ýokary wezipeli wekilleriniň bardygyny belleýärler.
Reýdleriň maý aýynyň ahyryna çenli geçirilmegi mümkin diýip, çeşmeler belleýär.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň habaryna görä, Türkmenabatdaky reýdler 25-nji aprelden bäri dowam edýär.
Maglumatda şäheriň “Gök” bazarynda geçirilýän reýdlerde “dollarçylaryň” ellerindäki walýutanyň alnyp, döwlet banklarynyň hasabyna geçirilýändigi we satyjylara jerime salynýandygyny habar berildi.
"Tassyklanmadyk habarlara görä, operasiýa başlamazyndan birnäçe gün öň polisiýa walýuta söwdagärleriniň we olaryň ýaranlarynyň işini surata düşürdi" diýlip, maglumatda söwdagärleriň adatça köp mukdarda walýutany ýa-da manady ýanynda götermeýändigi, puluň uly böleginiň "ynamdar adamlarda", adatça egin-eşik ýa-da öý goşlaryny satýanlarda saklanýandygy bellendi.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edarasyndaky çeşme Azatlyk Radiosyna geçirilýän reýdleriň sebäbleri, salynýan jerimeler we tussag edilen “dollarçylar” bilen baglanyşykly käbir jikme-jik maglumat berdi.
“Şäheriň çäginde, dollar bazarynyň 'esasy eýelerine' bagly bolmadyk “dollarçylar” köpelip başlady. Şol sebäpli şeýle reýdler soňky döwür tiz-tizden geçirilip durýar. Olaryň aglabasy welaýatyň çäginde işleýän hususy we ýarym hususy kompaniýalar" diýip çeşme häzirki reýdleri belli bir derejede häzirki we öňki täsirli hökümet resmileriniň walýutanyň gara bazaryna gözegçilik we girdeji ugrundaky bäsdeşliginiň netijesi bilen baglanyşdyrdy.
Türkmenabatda dollar söwdasy şäheriniň birnäçe bazarynyň, şol sanda 2-nji daýhan bazarynyň we “Himik” kiçi etrapçasyndaky bazaryň töwereginde alnyp barylýar. Dollaryň gara bazarynda soňky döwürde käbir “garaşsyz” satyjylaryň hem dörändigini çeşmeler gürrüň berýärler.
“Telekeçiler güýç edaralarynyň 'reket' amallaryndan ýadadylar.Ondan başga-da banklarda puluňy alyp bolanok.Diňe para bilen. Şol sebäpli daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçiler, pullaryny kriptobiržalarda, we kripto gapjyklarda saklaýarlar.
Daşary ýurtlarda zähmet çekýän migrantlar bolsa, maşgalasyna pul ugradan ýagdaýda araçylaryň kömegi bilen ugradýarlar.Adaty raýat Türkmenistanyň içinden daşary ýurt bilen pul çalşyk amallaryny edip bilmeýär" diýip, telekeçi gürrüň berdi.
Türkmenistanda walýutanyň nagt çalyşygy 2016-njy ýyldan bäri gadagan. Daşary ýurt puluna bolan islegler gara bazaryň döremegine getirdi. Resmi kurs 2015-nji ýyldan bäri 1 amerikan dollaryna - 3,5 manat möçberinde üýtgewsiz saklanýarka gara bazarda 1 amerikan dollary 20 manat töwereginde bahalanýar.
Durmuşyň ähli ugurlaryna berk gözegçilik edilýän ýurtda nagt walýutanyň alyş-çalyş gara bazary resmi bolmadyk görnüşde 9 ýyl bäri hereket edýär we käwagt geçirilýän reýdlerde köplenç sanlyja ownuk söwdagärler saklanýar. Walýutanyň gara bazar söwdasy bilen meşgullanýan iri 'telekeçiler' bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmäge mejbur edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.