Aşgabadyň häkimiýetleri agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşýär

Aşgabadyň häkimiýetleri agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşýär

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň töwereklerine reýd geçirip, gijäniň garaňkysynda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşip başladylar. Olar raýatlaryň bu hereketiniň "ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny" aýdýarlar. Bu waka aşgabatlylaryň gijäniň garaňkysynda çörek nobatyna durýandygy barada Azatlyk Radiosynyň çap eden maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölümleriniň işgärleri döwlet dükanlarynyň töwereklerine reýd geçirýärler. Olar gijelerine nobat belläp, dükanlaryň töwereklerindäki agaçlaryň aşagynda irkilýän adamlary, çagalary gözleýärler” diýip, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmesi 14-nji noýabrda gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri saklanan raýatlardan pasportuny ýa-da şahsyýetini anyklaýan beýleki resminamalary görkezmegi talap edýärler.

“Olar resminamalary bolmadyk raýatlara bu gezek diňe duýduryş berip çäklenýändiklerini aýtdylar. Ýöne olar indiki gezek saklanlarynda, şahsyýeti anyklaýan resminamalary bolmasa, onda olaryň polisiýa bölümine alnyp gidiljekdigini, resminamalary getirilýänçä, wagtlaýyn saklanýan otaglarda saklanjakdygy bilen haýbat atdylar” diýip, çeşmämiz belledi.

Polisiýa işgärleri bu raýatlara ýurtda açlygyň ýokdugyny tekrarlap, olardan agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşmazlygy hem talap etdiler.

“Olar raýatlara bu hereketler bilen, “Türkmenistanyň we hökümetiň abraýyny tutuş dünýä döwletleriniň arasynda pese düşürýärsiňiz’ hem diýdiler. Polisiýa işgärleri ilaty utandyrjak, gorkuzjak boldy. Ýöne dokuň açdan habary ýok’ diýlişi ýaly, ilatyň garyp gatlagyny utandyrmak, gorkuzmak näderejede dogry bolýar?!” diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk bu reýdler barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, aşgabatlylaryň, şol sanda çagalaryň gijäniň garaňkysynda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýandygy barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

Geçen hepde habarçylarymyz çörek satuwy başlaýança, ýaşaýjylaryň we 10-12 ýaşly çagalaryň agaçlaryň aşagynda irkilip oturandygyny görkezýän wideo ýazgylary iberdiler. Redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli bu wideo ýazgylary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Şonda habarçylarymyz bu çagalaryň we ýaşaýjylaryň sagat 7-de satylyp başlanýan çöregi satyn almak üçin daňdan sagat 4:30-da dükanyň öňünde nobata durýandygyny aýtdylar.

Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata elýeter bahadan paýlanýan azyk önümleriniň üpjünçiligi indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolup, bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda has-da ýitileşdi.

Subsidirlenen azyk önümleriniň sanawynda saklanyp galýan un, çörek we ösümlik ýagy ilata wagtly-wagtynda paýlanmaýar we alyjylaryň ählisine ýetmeýär.

Giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, ýurtda köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Mundan ozal, häkimiýetler nobatlary ýaşyrmak üçin, subsidirlenen önümleriň satuwyny dükanlaryň arka gapysyndan ýola goýupdylar. Şeýle-de, olar arka gapylardaky nobatlary hem gizlemek üçin çörek satuwyny diňe irden sagat 7-8 aralygynda amala aşyrmaly etdiler.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Kanadanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistandaky azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna heniz-de alada bildirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Çukanak-sakanak awtomagistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy
Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde bäş adam wepat boldy, üçüsi ýaralandy
Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar
Türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň fonunda körek ogrularyny’ yzlaýar