Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar

Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we adybir etrapda häkimiýet wekilleri yslam dinine berk uýmakda güman edilýän hojalyklara aýlanyp, olaryň öýlerini dökýärler we Gurhan kitabyndan daşgary dini eserleriň ählisini ýygnaýarlar.

Sebitde 18-19-njy awgust günleri dindarlara garşy şeýle kampaniýalar geçirildi we birnäçe hojalygyň dini eserleri häkimiýet wekilleri tarapyndan alnyp gidildi.

Öýleri dökülen sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde öýlerde dini mazmunly kitaplaryň, şol sanda hadys kitaplarynyň we şerigaty ündeýän dini çeşmeleriň gadagan edilýändigini aýdýarlar.

Bir din wekili kampaniýa döwründe ir sagatlarda iki polisiýa işgäriniň, bir raýat eşikli resminiň hem-de etrabyň din resmisiniň öz hojalygyna gelip, kitap tekjelerini barlandygyny we dini mazmunly ähli kitaplaryny alyp gidendigini gürrüň berdi.

Häkimiýet wekilleri özlerinde öýleri barlamak boýunça kazyýetiň çykaran kararynyň bardygyny aýdýarlar we “hojalykda Gurhandan başga dini eser ele geçirilse, öý eýeleriniň jogapkärçilige çekiljekdigini” duýdurýarlar.

“Din resmisi we hukuk goraýjylar ähli dini mazmunly kitaplarymy çykarmagy soradylar. Menem bar bolan ähli kitaplarymy çykaryp, ýaglygyň üstünde goýdum. Iki sany Gurhan kitabyndan başga ähli kitaplarymy alyp gitdiler. Hatda Russiýadan sowgat gelen Gurhan kitabynyň rus dilindäki terjimesini hem alyp gitdiler” diýip, bir dindar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Redaksiýa din wekiliniň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe dindar soňky wagtlarda hususan-da dine uýýan ýaş raýatlaryň soraga çekilýändigini, olaryň yzarlanýandygyny aýdýarlar.

Häkimiýet wekilleri dindarlara garşy soňky hepdelerde güýçlendiren kampaniýalarynyň çäginde eýýäm birnäçe adamy soraga çekipdir. Olaryň gürrüň bermegine görä, dindarlar “arap elipbiýini bilýän we bilmeýän adamlar” hökmünde iki topara bölünýärler. Ýaňy-ýakynda namaz okamaga başlan adamlar, aýratyn-da ýaş raýatlar polisiýa barlaglarynda üns merkezine çekilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň dindarlara garşy gaýtadan güýçlendirýän basyşlarynyň anyk sebäbi aýdylmaýar. Ýöne geçen hepdäniň dowamynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyndaky Gumdag şäherçesinde 50 töweregi mekdep okuwçysyna din sapaklaryny berýän bir ýaşuly mollany ele salypdyr.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde tankyt edilýär.

Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistany raýatlaryň din azatlyklary babatynda “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawynda saklaýar.

Balkanly ýaşaýjylar soňky wagtlarda dindarlara garşy güýçlendirilen kampaniýalaryň çäginde öýlerdäki Gurhan kitabynyň daşary ýurtlarda çap edilen terjimeleriniň hem häkimiýetler tarapyndan ýygnalýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, birnäçe ýaşaýjy ilat arasynda din sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleleriň goldaw tapýandygyny, ýöne bu ugurda mümkinçilikleriň döredilmeýändigini, hatda dini sowatlylyga goşant goşulmagynyň gadagan edilýändigini gürrüň berýär.

“[Gumdagda hukuk goraýjylar tarapyndan ele salnan] mollanyň yslamyň türkmenleriň arasynda däp bolan mezhebine eýermekden we ony wagyz etmekden başga günäsi ýok. Çagalarymyz dindar bolsa, bu erbet däl ahbetin.

Welaýatda dini medrese ýok.Döwlet tarapyndan dini mekdepleriň döredilmegi zerur bolup durýar.Muňa garamazdan, häzirki wagtda hatda metjitlerde hem dini sowatlylygyň wagyz edilmegi gadagan edilýär” diýip, balkanly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gumdagda güýç edaralary tarapyndan ele salnan uly ýaşly mollanyň ýaşlara ygtyýarnamasyz dini bilim bermekde aýyplanýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy din wekiliniň at-familiýasyny äşgär etmekden saklanýar.

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenbaşynyň şäher metjidine Juma namazyna baran adamlar metjidiň ymamyndan dine isleg bildirýän adamlara namaz okamagy, täret almagy we beýleki dini amallary öwretmegi sorap, haýyş bilen ýüzlenipdirler. Ýöne metjidiň ymamy bu teklibe çürt-kesik garşy çykyp, adamlara din öwrenmek maksady bilen metjitlere barmazlygy ündäpdir.

Mundan ozal, türkmen hökümeti 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň ýanynda dini medrese gurmak meýilnamalaryny mälim etdi.

Azatlyk Radiosy günbatar sebitde häkimiýetleriň dindarlara garşy güýçlendiren barlaglary babatynda Balkanyň welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gurhana Edilýän Kemsitmeler Gumanitar Jenaýatdyr
Gumdag Etrek Eýran serhedi awtomobil ýoly gurlar
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy
Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy