Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi

Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi

Türkmennebit döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda çykarylan gara altynyň we mawy ýangyjyň möçberi, degişlilikde, 904 müň tonna we 1 milliard 2 million kub metre golaýlady. Bu görkezijiler gara altynyň hem-de mawy ýangyjyň bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylandygyndan habar berýär diýlip, Türkmenistan gazetinde çap edilen habarda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň 704 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi.Häzirki zamanyň kämil buraw desgalaryna eýe bolan konserniň Nebitgazburawlaýyş trestine degişli müdirlikler tarapyndan gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 37 müň 841 metre ýetirilip, tabşyryga 102,5 göterim hötde gelindi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasy 102,5 göterim amal edildi.

Nebitgazburawlaýyş trestiniň müdirlikleri boýunça önümçilige tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 7-ä ýetirildi.

Geçen hasabat döwründe nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda guwandyryjy netijeler gazanyldy.Hususan-da, dürli görnüşli ýokary hilli benziniň jemi 325,5 müň tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirildi.Jemi 91 müň 791 tonna kerosin taýýarlamagyň tabşyrygy 111,6 göterim, 331 müň 119 tonna dizel ýangyjy baradaky meýilnama 100 göterim amal edilipdir.

Mazut taýýarlamakda 103 göterim, suwuklandyrylan gaz babatda 230,3, nebit bitumy boýunça 211 göterim ösüş gazanylypdyr.Tutuş konsern boýunça şeýle ýokary ykdysady görkezijilere ýetilmeginde Goturdepenebit, Gumdagnebit, Keýmir nebitgaz çykaryş hem-de Goturdepe buraw işleri müdirlikleriniň saldamly goşandy bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda