Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýurduň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alnan gara altynyň umumy möçberi 300 müň tonnadan hem köp boldy. Netijede, hereket edýän guýulardan nebit çykarmak baradaky bir aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şunda ösüş depgini 109 göterime barabar ýokarlandyryldy. Gazanylan üstünlikde ýangyç-energetika toplumynyň iň iri önümçilik düzümi bolan Türkmennebit döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniňem mynasyp paýy bar.

Konserniň burawlaýjylary gürrüňi edilýän aýda dag jynslarynyň 9 müň 929 metre barabar çuňluklaryny geçip, bellenilen tabşyrygy 127 göterim berjaý etmegi başardylar. Şeýle hem olar hasabat döwründe ulanyş maksatly täze guýularyň üçüsini nebitdir gaz çykaryjy müdirliklere tabşyrdylar. Şunda konserniň Gumdagnebit, Galkynyşnebit nebitgaz çykaryjy we Goturdepe, Ekerem, Körpeje buraw işleri müdirlikleri saldamly goşant goşdular diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy
Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi