Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär

Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama institutynda nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek ugry boýunça Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek meseleleri we taslamalaşdyryş hem-de Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme laboratoriýalary bolup, olar nebit we gaz känlerini işläp geçmek bilen bagly ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirip, degişli taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar. Bu barada Balkan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu laboratoriýalarda ähli känler we ulanyş guýulary boýunça çykarylan önümiň hasabaty ýöredilýär hem-de olaryň tehnologiki görkezijileriniň ösüşi, önümli ýataklaryň çykaryp boljak galyndy gorlary we pese gaçma koeffisenti kesgitlenýär. Şeýle hem, ulanyş ýa-da baha beriş guýularynyň gazylmaly ýerlerini saýlap almak, ulanyş guýularynda aşaky we ýokarky gatlaklara geçmek, hereketsiz duran guýulary ulanyşa girizmek, ulanyşyň başga usullaryna geçmek, guýularda gapdal sütünlerini gazmak, gatlak suwlaryny çäklendirmek ýa-da guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler bilen işläp bejermek üçin guýulary saýlap almak boýunça seljerme işleri ýerine ýetirilip, degişli teklipler hödürlenýär.

2023-nji ýylda gözleg-barlag we ulanyş üçin burawlamaga bellenen guýulardan 39 sanysy, ýagny Goturdepe käninde 18, Barsagelmez we Altyguýy känleriniň her haýsynda 3, Nebitdag we Uzynada känleriniň her birinde 5, Guýjuk, Keýmir, Ekerem, Ýaşyldepe we Demirgazyk Kemer känleriniň hersinde 1 guýy gazyldy. Şeýle-de 6 sany, ýagny Goturdepe käninde 5, Barsagelmez käninde 1 guýy ulanyşa girizildi.

Gazylyp ulanyşa girizilen guýularyň hasabyna goşmaça nebit çykaryldy.

Konsern boýunça guýularda 50 sany, şol sanda Goturdepe käninde 37, Barsagelmez käninde 10, Günorta Gamyşlyja, Körpeje we Guýjuk känleriniň hersinde 1 guýuda ikinji gapdal sütünini gazmak işleri ýerine ýetirildi.

Bu guýular hem goşmaça nebit almaga mümkinçilik berdi. Ýokarda agzalan laboratoriýalar tarapyndan geçen ýylyň hasabat döwründe känleri işläp geçmek we nebitli, gazly we gazkondensatly guýulary ulanmak boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we işläp taýýarlamak, burawlamadan çykan guýularyň netijelerini seljermek we ýataklaryň burawlanmasyna dessin üýtgeşmeleri girizmek, gatlak basyşyny saklamak boýunça işleriň gidişini seljermek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipler berildi.

Işläp geçmek boýunça nebitgaz känlerinde ulanylýan usulyýetleri kämilleşdirmäge ugrukdyrylan barlaglary, nebit berijilik koeffisentleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, tehnologiki çyzgylary we synag ulanyş taslamalaryny düzmek, nebitgaz känlerini işläp geçmekligiň ösüşiniň nusgalaryny gurmak boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Türkmennebit döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri boýunça 2023-nji ýylda çykarylan nebit, gaz we kondensat barada hasabatlar ýygnaldy, olaryň esasynda guýularyň işleýiş görkezijileri, gatlaklar boýunça gorlaryň işlenip çykarylyşy ylmy esasda seljerildi diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi
Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär