Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy

Her ýylyň 14-nji dekabrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni uludan baýram edilip bellenilýär. Bu sene milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagaty pudagynyň işçi-hünärmenlerine, şeýle-de geologiýa işgärlerine goýulýan çäksiz sarpadan, olaryň işine berilýän ähmiýetden nyşandyr.

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biridir. Şonuň bilen baglylykda, ösüşiň täze tapgyrynda nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge möhüm üns gönükdirilýär.

Bu işleriň çäginde iri senagat toplumlary, gaz geçiriji ulgamlary döredilýär, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler muňa aýdyň mysaldyr.

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ösüşiň täze döwründe öz öňümizde has belent maksatlary goýandygymyzy belläp, biziň esasy maksadymyzyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Şeýle hem nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekde ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlaryň gurulmagy, “Barsagelmez”, “Goturdepe”, “Demirgazyk Goturdepe”, “Nebitdag”, “Altyguýy”, “Uzynada”, “Günorta Uzynada”, “Keýmir”, “Akpatlawuk” ýaly täze, geljegi uly känleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň we “Galkynyş” käniniň sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryňdyr programma üpjünçiliginiň ulanylmagynyň hasabyna senagat taýdan özleşdirilmegi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

Muhammet AHMEDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy